Milli gymmatlyklara belent sarpa

4 Mart 2022
1099

Milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň möhüm taryhy wakalaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça Zaman diýip at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Şol pursatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermegi haýyş edenlerinde  Gahryman Arkadagymyz täze doglan güjügi synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip  at goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň  durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlary etmegi has-da buýsandyryjy häsiýete eýe boldy.   Ajaýyp döwrümizde beýleki milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaýynyň dünýä derejesindäki şöhrata eýedigi, guwanjymyz bolan türkmen alabaýynyň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň giňden ýaýbaňlanýandygy guwandyryjydyr.

«Diýar».