Her bir adamyň saglygy onuň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barşyna baglydyr. Esasy zat, gün tertibini saklap, dogry gurnalan zähmet, rahat dynç alyş we ukyny ýeterlik almak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, pyýada ýöremek, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, arassa açyk howada gezelenç etmek, welosiped sürmek bolup, bular sagdyn durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Lukmanlaryň bellemegine görä, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem ol bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär. Welosiped sürlen wagtynda bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär.
Welosiped sürmek adamyň pikirleniş ukybynyň ýokarlanmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine hem-de berkemegine ýardam edýär. Welosiped dolandyrylýan pursatynda ýa-da ylganan wagty hereket etmeýän örän köp sanly myşsalar hem işläp başlaýar. Bedendäki bar bolan ähli kiçijik damarlaryň işe girmegi bilen öýjüklere gerek bolan kislorod üpjünçiligi kadalaşýar we umumy işjeňlik artyp, beden berkeýär. Esasy belläp geçmeli zatlaryň ýene biri, yzygiderli welosiped sürmek adam bedeniniň Günüň ýiti we göni şöhlesiniň ýetirýän zyýanly täsirlerine bolan garşylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde hem adamyň beden öýjüklerindäki bolup geçýän garramak hadysasynyň derejesi pese düşýär.