Eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmeklige ähli zerur şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda alym Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar döwrebap tehnikalar, kompýuterler, barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem diňe bir bilim bermek işlerini amala aşyrmaga däl, eýsem, ylmy-amaly barlaglary geçirmeklige hem giň mümkinçilikleri berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty möhüm ähmiýete eýedir. Binagärlik gurluşy, ylym-bilimi utgaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýän barlaghana enjamlary, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen maglumat-kommunikasiýa abzallary, innowasiýa tehnologiýalary professor mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň bilim babatdaky işlerini ylmy-amaly işler bilen utgaşykly guramagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasiýalara möhüm ähmiýet berilýär. «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny berkitmäge, innowasiýa işi çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge uly itergi berdi. Innowasiýa — bu «täzelik», «täze girizilen» diýen manylary aňlatmak bilen, jemgyýetçilik durmuşymyza, ylym-bilime, önümçilige degişli işleri netijeli alyp barmaklyga we hilini ýokarlandyrmaklyga, bazar gatnaşyklarynyň ösen talaplaryny kanagatlandyrýan önümleri öndürmeklige mümkinçilik berýän täzelikleriň ornaşdyrylmagyny aňladýar. Şunuň bilen birlikde ornaşdyrylýan innowasiýalar döwrebap durmuş-ykdysady we medeni zerurlyklary, islegleri, talaplary kanagatlandyrmalydyr.