Bagta beslenýän röwşen ýyllar

29 Ýanwar 2022
1200

Çawy ýedi yklyma dolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir röwşen ýyly kalplara şatlyk, mähir-nur çaýyp, gülgüzar Diýarymyza mübärek gadamyny goýdy. Asyl-ha, ýyllar sahawat-keremli ülkämize bagt bolup gelýär. Çünki döwür bagtyýar, döwlet berkarar bolanda ruhubelentlik bilen garşylanýan ýyllar düşümli bolup, bagta beslenýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň her bir ýylynyň mysalynda şu hakykata şaýat bolmagyň üýtgeşik lezzeti we çäksiz buýsanjy Arkadagly Diýaryň bagtyýar raýatlary bolan biziň göwnümizi ganatlandyrýar, eşretli durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň giň gerimler bilen amala aşyrylmagyna, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, hakyky raýat jemgyýetiniň döredilmegine, onuň ösüş ugurlaryny, görnüşlerini kesgitlemäge, ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply hem-de uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Elbetde, geçen ýylda Milli Geňeşiň — iki palataly parlamentiň döredilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny nygtamak guwandyryjydyr.

Ýagmyr NURYÝEW,
«Diýar».