Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ajaýyp çapyksuwar. Behişdi bedewleriň gadyryny bilip we olara uly sarpa goýup, işiniň örän köpdügine garamazdan, at üstünde çapmagyň ussatlygyny kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýär. Türkmen atlary milli Liderimiziň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Häzirki zaman resminamalarynyň hem-de taryhy, ylmy maglumatlarynyň we çeşmeleriň yhlasly öwrenilmegi esasynda ýazylan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň hormatly Prezidentimiziň galamyna degişlidigi guwandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, alabaýlarymyza guwanmagy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullanmagy, şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmaga, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Milli Liderimiz türkmen halkymyzyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, ahalteke tohumlaryny köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň bu ugurda halkara nusgalyk derejä çykmagyna şert döredýär. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ähli welaýatlarda gurlan atçylyk toplumlary munuň aýdyň subutnamalarydyr.