Bitaraplygyň ynsanperwer ýörelgeleri
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk — bularyň ählisi Bitaraplyk derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine aralaşyp, ol ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyna şaýatlyk edýär. Taryhda gadymy Merw, Sarahs, Köneürgenç, Dehistan, Parfiýa we beýlekiler hakynda ylmy-taryhy maglumatlara esaslanmak bilen, hoşniýetli gatnaşyklar barada örän gymmatly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Gadymdan saklanyp galan ruhy-medeni gymmatlyklarymyzda munuň aýdyň subutnamalary az däl. Türkmen halky Oguz han zamanyndan başlap beýleki halklar bilen asudalykda, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Müňýyllyklaryň taryhy tejribesi türkmenlere hoşniýetli gatnaşyklary saklamagy öwretdi.