Tä­leý tu­ma­ry (oçerk)

25 Dekabr 2021
1264

Täleý tumary onuň ömrüni mertebelendirdi. Çünki ol haýyr işleri, asylly maksatlary ykbalynyň şamçyragy saýdy. Şonuň üçinem ol abraýy ömrüne gazna edindi. Takdyryna tumar edinen halallygy Çynar Rüstemowany hakykatdanam beýik ada, egsilmez mertebä eýe etdi. Heniz onuň bilen telefon arkaly gürleşýärkäk, biz ondan täleýiň derejeli bolmagy üçin nämeleriň hökmanydygy hakynda soranymyzda: «Takdyryma tumar saýan zadym, zähmet we maksada okgunlylyk, haýyr we il-güne bähbit getirjek işler hem-de dogruçyllyk we halallyk boldy» diýip pert jogap berdi. Onsoň biz onuň bilen duşuşyp söhbetdeş bolmagy şertleşip hoşlaşdyk. Belleşilen güni biz onuň iş ýerinde häzir bolduk.

Iş otagyna girenimizi aňmadymy ýa-da işine bar ünsi bilen berlenindenmi, ol biziň «mümkinmi?» diýip birki ýola ýüzlenenimizi hem eşitmedi. Haçan-da, gabat garşysynda häzir bolanymda welin, ol mähir bilen ýylgyrdy-da: «Hä, geldiňizmi, men aňşyrmandyryn, bagyşlaweri, biraz işlidim» diýdi. Mährem, nurana zenanyň mähribanlygy, pespälligi, süýji sözlüligi hoşuma geldi. Oturmagymy mürähet eden oturgyjynda oturdym-da, onuň pessaýdan juda medeniýetli gürleýşini dykgat bilen synladym. Hawa, meniň garşymda duran tejribeli diplomat, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowady. Şeýle belent mertebeli derejäniň eýesi bolandygyna garamazdan, sadalygy, ýumşaklygy we sypaýylygy bilen gapydan geleni hoşgylaw garşylap, mylaýymlyk bilen ugradyp duran bu zenanyň adamkärçiliginiň özem bir zada degýär. Çepiksiden gelen göwresinde durmuş synaglarynyň labyryny çekendigi onuň nurana hem paýhasly gözündenem, söz urşundanam bellidi. Dogumyna don geýdirilen bu zenanyň jany-teni bilen gürrüň berşi onuň hakyky zähmetkeş aýalydygyny mese-mälim aýan edip durdy.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.