Keşt et­seň dün­ýä­ni uça­ra mü­nüp...

25 Dekabr 2021
2978

Her bir adamyň ýüreginde täsin arzuwlar ýaşaýar. Ýer ýüzüne syýahat etmek, onuň ajaýyp ülkelerini diňe bir çeper eserleriň ýa-da teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň üsti bilen däl-de, ýakyndan gözüm bilen görmegi, duýmagy arzuw edýärdim. Käteler arzuwlaryň wysal bolmagyna birneme wagt gerek bolýar.

Özge ýurtlardan ozal, ilki öz eziz ata Watanyňy öwrenmek, onda bar bolan ajaýyp ýerlere syýahat etmek hem dünýägaraýşyňy giňeltmäge, öňden bar bolan maglumat goruň üstüni ýetirmäge köp mümkinçilikleri berýän ekeni. Gadymy Jeýhun bilen gojaman Hazaryň arasynda, ümmülmez hazynany öz goýnunda saklaýan Garagum sähralygynda bar bolan tebigy baýlyklardyr täsinlikler, maddy we medeni gymmatlyklar hakynda agzaman geçmek asla mümkin däl. «Garagum sährasy» diýip, at alan bu ýerleriň her bir sebite uzaýan golunda tapylgysyz, gaýtalanmajak üýtgeşiklik bar.

Laçyn SAMMAKOWA,
žurnalist.