Röwşen geljege rowaç gadamlar
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, abadanlygynyň, parahatçylyksöýüji, zähmetsöýer merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, biziň ýurdumyzda gülşen günleriň taryhy ähmiýetli möhüm wakalara baýdygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçdi. Onda ençeme il-ýurt bähbitli wajyp meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de ýokary göterjek wajyp çözgütleriň we möhüm resminamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Elbetde, forumda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň başlanandygy baradaky hakykaty aýdyň şöhlelendirdi. Arada mermer paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän şaýoluň ugry bilen öz peýwagtyma paýu-pyýada barýardym. Günüň nury bilen bäsleşip, lowurdap duran ak mermerli ýaşaýyş jaýlary, depesi asmana direýän köşk ýaly kaşaň binalar, şadyýana ýöräp barýan adamlar ünsümi aýratyn özüne çekýärdi. Olaryň arasynda hatda togsany basmarlan gojalaram, çaga göwünleri atygsap duran nowça balalaram, bezemen geýnip, gyzyl çog ýaly bolup, ýeriň gaý