Aba­dan­çy­ly­gyň ro­waç men­zil­le­ri

1 Aprel 2022
982

Hak­dan ha­lat­ly, köň­li sa­ha­wat­ly hal­ky­myz ki­ta­ba hal­kyň ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän, ony ebe­di­leş­dir­ýän mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ýar. Gahry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki za­man jem­gy­ýet­çi­li­gin­de ha­ky­ky gym­mat­lyk­la­ryň mad­dy baý­lyk­da däl-de, eý­sem adam­lar­da­dy­gy­ny, ola­ryň bi­li­min­de­di­gi­ni, hü­när de­re­je­sin­de­di­gi­ni hem-de päk zäh­met­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­ýär. Ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň göz­ba­şy bo­lan ki­tap bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ýar, ola­ryň ösü­şe we dö­ret­mä­ge bo­lan is­leg­le­ri­ne ba­dal­ga ber­ýär. Äh­li üs­tün­lik­le­riň hem ro­waç­lyk­la­ryň göz­ba­şyn­da ki­ta­byň du­ran­dy­gy je­del­siz­dir. Ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň göz­ba­şy bo­lan ki­ta­ba go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­nyň Di­ýa­ry­myz­da örän ulu­dy­gy buý­san­dy­ry­jy­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Di­ýa­ry­myz­da we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da hem uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan ki­tap­la­ry, yl­my iş­le­ri, köp ­jilt­li düýp­li eser­le­ri ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk hem-de asyr­la­ryň do­wa­myn­da eme­le ge­len ah­lak gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­de örän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Aba­dan­çy­ly­gyň röw­şen ga­dam­la­ry» at­ly ki­ta­by hem iň­ňän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Ki­tap­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jem­gy­ýet­çi­li­giň öňün­de eden çy­kyş­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­me­gi, olar­da da­şa­ry sy­ýa­sat, yk­dy­sa­dy­ýet, me­de­ni­ýet, ylym we beý­le­ki ugur­lar ba­ra­da­ky pi­kir­le­riň jem­le­nil­me­gi şeý­le hem tä­ze ne­şi­rde döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li tek­lip­le­riň be­ýan edil­me­gi bu ha­ky­ka­ty aý­dyň tas­syk­la­ýar. El­bet­de, bu ki­ta­byň hä­zir­ki döw­rüň hal­ka­ra dur­mu­şy­nyň köp­san­ly çyl­şy­rym­ly so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýän­di­gi, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä de­re­je­sin­de alyp bar­ýan iş­le­rin­de öňe sür­ýän çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty­na, ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my ul­gam­da eýe­le­ýän or­nu­na, öň­de goý­ýan mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne has aý­dyň dü­şün­mä­ge ýar­dam ed­ýän­di­gi tä­ze ne­şi­riň di­ňe bir sy­ýa­sat­çy­lar, dip­lo­mat­lar, bi­ler­men­lerdir žur­na­list­ler üçin däl-de, da­şa­ry sy­ýa­sat bi­len gy­zyk­lan­ýan äh­li ra­ýat­lar üçin peý­da­ly bol­jak­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ki­tap­da hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy sak­la­mak hem-de ber­kit­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çözmekde düýp­li çe­me­leş­me­le­riň be­ýan edil­ýän­di­gi, se­bit ösü­şi­niň gel­je­gi­ne ba­ha be­ril­ýän­di­gi, BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy esa­syn­da hem-de umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, giň we öza­ra yna­ny­şyk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­riň hem baş­lan­gyç­la­ryň öňe sürülýändigi ün­si çe­ki­ji­dir.

Ak­ja­gül KÖ­ÇÄ­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gurluşyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my, ykdysady ylym­la­ryň kan­di­da­ty.