Ahalteke bedewi, türkmen halylary we beýleki milli gymmatlyklar bilen bir hatarda, türkmen alabaýynyň dünýä derejesindäki şöhrata eýe bolmagy örän buýsandyryjydyr. Türkmen alabaýynyň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak babatda amala aşyrylýan işler giň gerime eýedigi bilen aýratyn tapawutlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ýanwar aýynyň üçünji ongünlüginde paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem şu hakykaty aýdyň şöhlelendirdi. Bu maslahatda milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, alabaýyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr göllerinde alabaýyň şekiliniň beýan edilmegi baradaky çykyşlar çuň many-mazmuna eýe boldy.
Häzirki taryhy döwürde milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýär. Bu kitapda dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan alabaý tohumynyň gelip çykyşy barada köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar getirilýär.