Milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ajaýyp ýylymyzda, ýagny milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi ajaýyp döwrümizde giňden ýaýbaňlanýan möhüm wakalaryň üstüni ýetirdi. Munuň özi döwletli döwranly, eşretli eýýamly Diýarymyzyň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen öňe, diňe öňe barýandygy baradaky belent hakykaty täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Umumadamzat gymmatlygyna ummasyz goşant goşup, bäş müňýyllyk taryhyna buýsanýan halkymyzyň milli guwanjyna öwrülen ahalteke atlarymyz dünýä medeniýetiniň deňsiz-taýsyz baýlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň gamyşgulak bedewlerimize bagyşlap ýazan kitaplary Ýer ýüzünde giňden meşhur bolup, diňe bir öz halkymyza däl, dünýä jemgyýetçiligine bedewlerimiz hakda gymmatly maglumatlar bilen tanyş bolmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Täze taryhy döwürde ahalteke bedewi Diýarymyzyň öz ösüşinde bedew bady bilen ägirt uly üstünlikleri gazanýandygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz tutuş kalby bilen bedewlere belent sarpasyny, mährini siňdirip, olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň arassa ganlygyny gorap saklamak, sanyny artdyrmak hem-de wagyz etmek, atçylyk sungaty ýörelgeleriniň dowamatlylygyny üpjün etmek we döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak işlerini döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň birine öwürdi. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy iň gowy däp-dessurlaryň, öçmejek gymmatlyklaryň nyşanydyr. Asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda, bu gün bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň, şanly seneleriň we toýlaryň baş bezegine öwrülýär. Şatlyk-şowhun bilen geçirilýän at çapyşyklary bu ugurda däp-dessurlaryň goralyp saklanylýandygynyň we dowam etdirilýändiginiň, şeýle hem halkymyzyň öz milli gymmatlyklarynyň hem-de taglymlarynyň töwereginde mäkäm jebisleşýändiginiň subutnamasydyr.