Täze taryhy döwürde Türkmenistanda eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmekde, ýagny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary işe girizmek üçin düýpli maýa goýumlary sarp edilýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi barha ýokarlanýar. Olar täze önümçilikleri döretmäge, durmuş maksatly binalary gurmaga, şeýle hem dürli hyzmatlary guramaga ýardam berýär. Şular bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň hyzmatlar ulgamy innowasion esaslarda ösdürilip, ygtybarly çözgütler kabul edilýär.
Häzirki döwürde hyzmatlar ulgamynyň ulag, syýahatçylyk, ätiýaçlandyryş, söwda, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, aragatnaşyk, bank pudaklaryna gatnaşygy işjeň häsiýete eýedir. Munuň özi ady agzalan pudaklaryň hyzmatlar ulgamyna islegleriň barha artýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähtden, pudaklar öndürýän önümlerini we hödürleýän hyzmatlaryny müşderilere tiz we gysga wagtda elýeterli etmek üçin hyzmatlar ulgamynyň kömegine daýanýarlar.