"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bütindünýä welosiped güni

Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna uly üns berilýär. Sagdynlyk, işjeňlik we daşky gurşaw bu üç sözi baglanyşdyrýan, bütin dünýäde tebigatyň, daş-töweregiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan halkara taslamalary nazary alyp, bu günki günde «sportuň haýsy görnüşini iň ekologik diýip atlandyryp bolýar?» diýlen sowala, «elbetde, welosporty!» diýip jogap bermek bolar. Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ir bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan ýöriş Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüniň deňindäki pellehana çenli dowam etdi. Köpçülikleýin ýörişde medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, sport görkezme çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.

Hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri

12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, parlamentleriň içerki syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik ylalaşygyny we sazlaşygyny, durmuş adalatlylygyny berkarar etmekde, demokratik institutlary ösdürmekde hem-de berkitmekde ägirt uly ornuny nygtady. Soňra mejlisde çykyş eden Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň bu görnüşde hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyny belläp, bu meýdançany ulanmak arkaly bilelikdäki işleriň foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin netijeli we peýdaly boljakdygyny nygtadylar. Dabaraly mejlis tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Parlamentara forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy geçirildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşi tarapyndan esaslandyrylan «Hormatly aksakgal» altyn ordeni bilen hem-de «Dede  Korkut» milli gaznasy we «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde esaslandyrylan «Ulu türk» altyn ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýra

Pä­him - paý­has um­ma­ny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri hem dünýä gymmatlygyna uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň halkara giňişliginde giňden wagyz edilmeginde gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň özüniň bäş müňýyllyk taryhyna buýsanýan halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we pähimleriniň özboluşly jemlenmesidigini bellemek guwandyryjydyr. Diňe bir türkmen jemgyýetinde däl-de, bütin dünýäde uly gyzyklanma döreden «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň Gahryman Arkadagymyzyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmakda, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin öwrenmekde nusgalyk mekdepdigini nygtamak gerek. Kitaby okap çykanyňda hormatly Arkadagymyzyň ata-babalarymyzy

Milli yk­dy­sa­dy­ýe­tiň­ gadamlary

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar BERDIMUHAMEDOW: — Tä­ze eý­ýam­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, ila­ty­my­zyň  ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, äh­li ugur­lar bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri, ägirt uly öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len  iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek, döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen degişli işler geçirilýär.

Ulag ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň ke­pi­li

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bir ugruny durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginde görýär. Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara derejesinde giňden goldaw tapýar. Oňa dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýlelik-de, ýurdumyz ähli babatda bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alýar. Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işi üstünlikli dowam edýär. Şol başlangyçlaryň biri hem ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de has-da ösdürmek

Işeňňir - işde belli

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri te­le­ke­çi­lik işi­niň giň ge­rim­li ös­dü­ril­ýän za­ma­na­sy bo­lup, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly ösüş­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Te­le­ke­çi­lik işi­niň aby­ny-ta­by­ny ele alan te­le­ke­çi­ler öz saý­lan ugur­la­ryn­dan kuw­wat­ly Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar we gel­je­giň asyl­ly mak­sat­la­ry­ny na­zar­lap iş­le­ýär­ler. Bi­zem go­laý­da «Dost­gur­lu­şyk» söw­da-önüm­çi­lik ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, tej­ri­be­li te­le­ke­çi Nur­mu­ham­met Me­re­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Işeň­ňir­li­gi söz ur­şun­da­nam äş­gär bo­lup du­ran te­le­ke­çi bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gi­miz ýaş işe­wür­ler we te­le­ke­çi­ler üçi­nem äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip umyt ed­ýä­ris. — Nurmuhammet, telekeçilik işine başlamak, onda-da gurluşykçy telekeçi bolmak aňsat bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa siz erjellik bilen bu işiň başyny tutmagyň hötdesinden gelipsiňiz. Söhbetimiziň başyny bu asylly işi ýola goýşuňyz, telekeçi bolmaga itergi beren ýagdaýlar baradaky gürrüňlerden başlaýalyň.

Aşgabat – parahatçylyk merkezi

Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde parahatçylygyň merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ak mermerli paýtagtymyz halkara maslahatlaryň, forumlaryň, simpoziumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda merjen şäherimiz Aşgabatda yzygiderli esasda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň birnäçesi — BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirlik, BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler işleýär. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagyny bolsa aýratyn belläp geçmek gerek. Munuň özi BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň taryhynda uly waka boldy hem-de sebitde parahatçylyk döredijilik başlangyçlarymyzyň ählumumy ykrarnamasyna öwrüldi. Bu merkez Milletler Bileleşiginiň sebitdäki öňdebaryjy ygtybarly wekilhanasy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ädimi ýurdumyzyň ylalaşdyryjylyk derejesini nobatdaky gezek tassyklamasydyr.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy

Şy­gyr äle­mi­niň be­ýik us­sa­dy,Da­na atam Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.Ta­ry­ha zer bi­len ýa­zy­lan ady,Da­na atam Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy. Ar­zuw et­diň has aja­ýyp döw­ri sen,Ha­ky­ka­ty söz­läp bil­diň dog­ry sen,Bir türk­me­niň däl-de, dün­ýäň og­ly sen,Da­na atam Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy.

Mil­li döw­let­li­li­giň bin­ýa­dy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Toýlary toýa ulaşýan Diýarymyzda giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň täsin binagärlik gurluşy bilen aýratyn tapawutlanyp, alyslardan seleňläp durşunda çuň many bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu desga biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezliginiň we berkliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, eziz Watanymyza buýsanjyň, Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy we has-da belende göterilmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga merdana halkymyzyň hemişe taýýardygynyň özboluşly nyşanydyr. Bu desga halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýen sözleri bu hakykata bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy

Yn­san kal­by­ny buý­sanç duý­gu­la­ry­na pü­re-pür­le­ýän is­len­dik hoş ha­bar öm­rü­ňe ömür goş­ýar. Ça­ga­lyk dün­ýä­si­niň goý­nun­da er­ka­na ýa­şa­ýan kör­pe­jä­niň: «Buş­luk, ogul ji­gim bol­dy» di­ýip, sö­ýün­ji­läp gel­me­gi, şeý­le-de «Py­la­ny­nyň ekiz bä­be­ji­gi dün­ýä inip­dir!» di­ýen hoş ha­ba­ryň ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da ýaý­ra­ma­gy uly-ki­çi hem­me­le­ri be­gen­dir­ýär. Yn­san ba­la­sy­nyň dün­ýä in­me­gi bi­len tä­ze bir ömür, tä­ze bir bir yk­bal baş­lan­ýar. Diý­mek, ne­sil do­wam ed­ýär. Per­zent her bir maş­ga­la oja­gy­nyň «al­tyn aşy­gy». «Ene» diý­se­ler per­zent, «per­zent» diý­se­le­rem ene göz öňü­ňe gel­ýär. Çün­ki, ene ba­la­sy­na tu­tuş kal­by­nyň mäh­ri­ni, ýü­re­gi­niň yş­ky­ny siň­dir­ýär. Bu mu­kad­des­lik per­zent bi­len enä­niň pa­ýy bo­lup, hiç wagt üzül­me­ýän çäk­siz söý­gü­dir. Şu ýer­de bel­li şa­hy­ry­myz Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň:

Umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy

Adam­zat dur­mu­şyn­da ga­za­ny­lan äh­li üs­tün­lik­ler we ýe­ňiş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler ylym-bi­li­miň, ösen aňy­ýe­tiň mi­we­le­ri­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň türk­men nus­ga­sy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne has ynam­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­si döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mil­li ylym ul­ga­my özün­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri jem­le­ýär. Dün­ýä yl­myn­da ga­za­ny­lan iň tä­ze teh­ni­ka­lar, teh­no­lo­gi­ýa­lar önüm­çi­li­ge, bi­li­me güýç­li dep­gin­de or­naş­dy­ryl­ýar. Yl­my ös­dür­mek, onuň hi­li­ni tä­ze, has ýo­ka­ry sep­git­le­re çy­kar­mak ýur­duň teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de, hal­kyň me­de­ni de­re­je­si­ni hem-de mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.Ýur­du­myz­da ýaş­la­ra ylym-bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek­de ze­rur bo­lan äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da «Bi­lim ha­kyn­da», «Yl­my iş­gä­riň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da», «Yl­my eda­ra­lar ha­kyn­da», «Döw­let yl­my-teh­ni­ki sy­ýa­sat ha­kyn­da», «Yl­my-teh­no­lo­gi­ýa park­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­myz­da yl­myň yg­ty­bar­ly hu­k

Ylymly - bilimli ýaşlar

Il için­de şeý­le­räk bir aýt­gy bar: ça­ga­lyk­da hem ja­hyl­lyk­da alan bi­li­miň da­şa, gar­ry­lyk­da alan bi­li­miň su­wa ýa­zyl­ýar di­ýil­ýär. Ýaş­lyk ada­myň iň uly müm­kin­çi­li­gi­dir. Bu dö­wür­de her bir yn­san ylym-bi­lim ýo­lu­na düş­ýär, öz ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­ýar, aňy­ny kä­mil­leş­dir­ýär. Ýaş­lyk­da al­nan her bir bi­lim, öw­re­ni­len amal bi­ziň mü­di­mi­lik ýa­dy­myz­da, en­di­gi­miz­de gal­ýar. Ýaş­lar Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň — röw­şen gel­je­gi­mi­ziň ha­ty­ra­sy­na ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­re go­wy oka­mak, bi­lim al­mak we hü­när öw­ren­mek bi­len jo­gap ber­ýär­ler, Wa­ta­ny­my­zyň my­na­syp ogul-gyz­la­ry bol­ma­gy öz­le­ri­ne uly borç ha­sap­la­ýar­lar. Olar ýur­du­my­zyň gel­je­gi­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş­la­ry Di­ýa­ry­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan be­ýik ösüş­le­re go­şul­mak bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň tä­ze üs­tün­lik­le­re ro­waç­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar­lar.

Arassa ekologiýa – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň zerurlyklarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzalmagydyr ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň, janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy — bu islendik döwrüň talabydyr. Şonuň üçin Gün dogup Gün ýaşyp, dört pasyl özleriniň özboluşly gylyk-häsiýetleri we aýratyn owadanlyklary bilen biri-birini çalşyp durýar. Dünýäniň ýüreginde ýerleşýän güneşli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ekologiýa taýdan arassalygy, sähraýy tebigatda bitýän ähli ösümlikleriň jana tenekarlygy bilen dünýäni haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan umydyňy artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar. Gadymy türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy derman ösümlikleri dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy ensiklopedik kitabynda milliligimiz siňen bereketli topragymyzda ösýän ösümlikleriň aýratyn ähmiýeti dogrusynda durlup geçilýär: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar tebigatyň güýji bilen agaçlardan we otlardan bölünip çykýan peýdaly maddalardan peýdalanypdyrlar. Adamlar pişik, it ýaly öý haýwanlarynyň ösümlikleri iýip, hassalykdan sagalýandyklaryny görüpdirler

Bag – dur­mu­şyň be­ze­gi

Dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasy hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan nobatdaky üstünligidir. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji aprelinde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz halkymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň we BMG-niň köp ýyllaryň dowamynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary hem-de taslamalary bilelikdäki tagallalar bilen üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtady. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň mart aýynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan paýtagtymyzda badalga berlen ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär.

Bedew

Toý gününde aýlawa şaýlanyp çykar bedew, Hüýr peri deý, näz bilen aýlanyp bakar bedew, Ýyndamlygy laçyn kimin, arany açar bedew, Yşkdan doly ýürege müşk anbar saçar bedew. Çyrpynsa ýyldyrym dek, ýanyp durandyr bedew, Şatlygy ulus-ile ýaýyp durandyr bedew, Her daýym jylaw çeýnäp, syçrap durandyr bedew, Ynsan ýaly bar zady syzyp durandyr bedew.

Mi­ra­sy­myz – mil­li buý­san­jy­myz

Umumadamzat gymmatlyklaryna ummasyz goşant goşan türkmen halky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly taryhyna buýsanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň iňňän baý we eýýamlara ýaň salan şöhratly taryhyny ilik-düwme öwrenmek, doly açyp görkezmek hem-de dünýä ýaýmak babatynda alnyp barylýan tutumly işler özüniň giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, taraşlap, kämilleşdirip gelen medeni mirasyny aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler täze taryhy eýýamda çuň many-mazmun bilen baýlaşýar. Çünki geçmişden häzirki döwrümize gelip ýeten mirasymyz türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy terbiýeleýän gymmatlygydyr. Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil ahlak sypatlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde iňňän ähmiýetlidir. Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli mirasyndan, halk döredijiliginden gözbaş alýan ahlak kadalary ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy ähmiýetli çykyşlarynda medeni gymmatlyklarymyzy hem-de milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, ýaş nesli şol gymmatlyklarymyzyň esasynda milli ruhda terbiýelemek hakda aýratyn nygtaýar. Ha

San­ly Türk­me­nis­tan — aý­dyň gel­jek

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, bütin dünýäde bolşy ýaly, «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi özüne mynasyp orun aldy. Ol maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýola goýuldy we olar üstünlikli amal edilýär. Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» daýanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna düşünmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolan bu resminama ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri esasy ugurlary beýan edilip, ony 3 tapgyrda durmuşa geçirmek bellenilýär. Milli ösüşiň meýilnamasyna giren sanlylaşdyrmak syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek maksatlaryny öz içine alýar. Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipe goýdy. Elbetde, sepgide ýetmek üçin degişli hukuk binýady zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ulgama geçmegiň çäklerinde onuň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly

Kä­mil hu­kuk bin­ýa­dy — döw­rüň ta­la­by

Türkmen jemgyýetiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmek ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize esaslanýar. Bu syýasatyň esasynda adam hakdaky alada ýatyr. 2016-njy ýylda kabul edilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipä saýlanylmagynyň tertibi hakynda täze kada kabul edildi. Bu kadanyň esasynda bolsa 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hasaplanylýan Adalatçynyň wezipesiniň adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini, hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilendir. Bu barada hormatly Arkadagymyz 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda, «Raýatlarymyzyň Konstitusiýada kepillendirilen hukuklaryny goramak boýunça işler dowam etdiriler. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ýakyn wagtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly edilen adalatçy (ombudsmen

Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ka­da­laş­dy­ry­ly­şy

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilip, täze, kuwwatly dürli görnüşli toplumlaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle-de kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmek hem-de berkitmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar bolup, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garamazdan, Türkmenistan milli ösüş ýoly bilen öňe barýar. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi esasynda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler bazar infrastrukturasynyň ähmiýetini we ony kadalaşdyrmagyň usullarynyň kämilleşmegini, durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Mähir öýden, kesp serhetden başlanýar

Toý­bi­bi üçin her bir gü­nüň öz­bo­luş­ly gym­ma­ty bar. Ol her gün sa­ba işe äkid­ýän ýol­la­ra ba­ka ýö­nel­mä­ge how­lug­ýar. Is­len­dik adam iş­den soň­ra öýü­ne, ça­ga­jyk­la­ry­nyň ara­sy­na nä­hi­li how­lug­ýan bol­sa, Toý­bi­bi hem işe ýet­mä­ge şeý­le gys­san­ýar. Bu ýag­daý in­di te­lim ýyl bä­ri do­wam edip dur.Ol her gün sä­her bi­len harby ly­ba­sy­ny ge­ýip, mäh­ri­ban oja­gyn­dan çy­kan­da, öz saý­lan hü­nä­ri­niň ýü­re­gi­ne nä­hi­li ýa­kyn­ly­gy­ny ýe­ne bir öw­re du­ýan ýa­ly bol­ýar. Gül­me­ňiz ça­ga­la­ry­nyň şa­dy­ýa­na ýag­daý­da özi ýa­ly ýe­ňil ädim urup, ça­ga­lar ba­gy­na­dyr mek­de­be bar­şy­ny gö­re­nin­de, mäh­ri­ban Wa­ta­nyň asu­da­ly­gy­dyr pa­ra­hat­ly­gy­na, je­bis­li­gi­ne özü­niň hem go­şan­dy­nyň bar­dy­gy on­da tol­gun­ma dö­red­ýär. Işi­ne äkid­ýän şa­ýo­ly syn­lap bar­şy­na ony dur­mu­şyň ýo­lu­na meň­ze­de­ni­ni duý­man gal­ýar. Akbike eje Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň duzuny iýip kemala gelipdi. Durmuş gurup, Halaç etrabynyň Çohpetde obasyna aýak tozy degende bu ýerler oňa düýbünden ýatdy. Obanyň obadan üýtgeşik parham ýok ýalydyr welin, ýer ala, ýurt ala diýleni-dä. Oba adamlaryny ekin ekip, otag otap, mal-gara seredip haýran galdyryp bolýarmy näme?! Bu işler olaryň beýnisi bekemänkä gören, endige öwren zatlary ahyryn. Akbike eje hem şu zeýilli işler bilen çäklenenokdy. Ol bir işi dyndygy, salymyny bermän başga