Häzirki wagtda ynsan saglygyny berkitmekde sportuň peýdasyna uly üns berilýär. Sagdynlyk, işjeňlik we daşky gurşaw bu üç sözi baglanyşdyrýan, bütin dünýäde tebigatyň, daş-töweregiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan halkara taslamalary nazary alyp, bu günki günde «sportuň haýsy görnüşini iň ekologik diýip atlandyryp bolýar?» diýlen sowala, «elbetde, welosporty!» diýip jogap bermek bolar.
Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ir bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan ýöriş Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüniň deňindäki pellehana çenli dowam etdi. Köpçülikleýin ýörişde medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, sport görkezme çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.