Türkmen jemgyýetiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmek ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize esaslanýar. Bu syýasatyň esasynda adam hakdaky alada ýatyr. 2016-njy ýylda kabul edilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipä saýlanylmagynyň tertibi hakynda täze kada kabul edildi. Bu kadanyň esasynda bolsa 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil hasaplanylýan Adalatçynyň wezipesiniň adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini, hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilendir. Bu barada hormatly Arkadagymyz 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda, «Raýatlarymyzyň Konstitusiýada kepillendirilen hukuklaryny goramak boýunça işler dowam etdiriler. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ýakyn wagtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly edilen adalatçy (ombudsmen) öz işine başlar. Adalatçy raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň berjaý edişine gözegçilik eder» diýip belläp geçdi.
2019-njy ýylda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparyny döretmek hakynda» karary esasynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş topary döredildi.