Toýbibi üçin her bir günüň özboluşly gymmaty bar. Ol her gün saba işe äkidýän ýollara baka ýönelmäge howlugýar. Islendik adam işden soňra öýüne, çagajyklarynyň arasyna nähili howlugýan bolsa, Toýbibi hem işe ýetmäge şeýle gyssanýar. Bu ýagdaý indi telim ýyl bäri dowam edip dur.
Ol her gün säher bilen harby lybasyny geýip, mähriban ojagyndan çykanda, öz saýlan hünäriniň ýüregine nähili ýakynlygyny ýene bir öwre duýan ýaly bolýar. Gülmeňiz çagalarynyň şadyýana ýagdaýda özi ýaly ýeňil ädim urup, çagalar bagynadyr mekdebe barşyny göreninde, mähriban Watanyň asudalygydyr parahatlygyna, jebisligine özüniň hem goşandynyň bardygy onda tolgunma döredýär. Işine äkidýän şaýoly synlap barşyna ony durmuşyň ýoluna meňzedenini duýman galýar.
Akbike eje Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň duzuny iýip kemala gelipdi. Durmuş gurup, Halaç etrabynyň Çohpetde obasyna aýak tozy degende bu ýerler oňa düýbünden ýatdy. Obanyň obadan üýtgeşik parham ýok ýalydyr welin, ýer ala, ýurt ala diýleni-dä. Oba adamlaryny ekin ekip, otag otap, mal-gara seredip haýran galdyryp bolýarmy näme?! Bu işler olaryň beýnisi bekemänkä gören, endige öwren zatlary ahyryn. Akbike eje hem şu zeýilli işler bilen çäklenenokdy. Ol bir işi dyndygy, salymyny bermän başgasyna ýapyşardy. Asyl ýadawlygyň nämediginem aňmazdy. Ol hem-ä çagalar bagynda eneke bolup işlärdi, hemem obanyň ekin-dikinine seredişerdi. Akbike gelnejäniň on barmagynyň hünärinden önen keşdeli, pagtaly syralan donlardyr mahmal donlary geýmek bu obadakylaryň köpüsiniň nesibesinde bar eken. Bu işleriňem daşyndan tahýa tikip, täsin nagyşly joraplary örerdi. Gyzlary-da, tüweleme, el işleriniň kemini goýmazdylar. Ejesiniň sargydy bilen olaryň hersi gelin joraplarynyňam her görnüşinden ýigrimi-ýigrimiden örüp, hatara düzüşdiripdi. Akbike eje gyzlaryna mydama: «Ýazgytçynyň ýazanyny bilip bolmaz. El işlerini ýüpünden iňňesine çenli öwrenseňiz, baran ýeriňizde hor bolmarsyňyz» diýip, sargyt ederdi.