Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilip, täze, kuwwatly dürli görnüşli toplumlaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle-de kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmek hem-de berkitmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime barabar bolup, dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara garamazdan, Türkmenistan milli ösüş ýoly bilen öňe barýar. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi esasynda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler bazar infrastrukturasynyň ähmiýetini we ony kadalaşdyrmagyň usullarynyň kämilleşmegini, durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.