Il içinde şeýleräk bir aýtgy bar: çagalykda hem jahyllykda alan bilimiň daşa, garrylykda alan bilimiň suwa ýazylýar diýilýär. Ýaşlyk adamyň iň uly mümkinçiligidir. Bu döwürde her bir ynsan ylym-bilim ýoluna düşýär, öz ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, aňyny kämilleşdirýär. Ýaşlykda alnan her bir bilim, öwrenilen amal biziň müdimilik ýadymyzda, endigimizde galýar.
Ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berýärler, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmagy özlerine uly borç hasaplaýarlar. Olar ýurdumyzyň geljegidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary Diýarymyzda giň gerime eýe bolan beýik ösüşlere goşulmak bilen ykdysadyýetimiziň täze üstünliklere rowaçlanmagyna uly goşant goşýarlar.