Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan beýik medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri hem dünýä gymmatlygyna uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň halkara giňişliginde giňden wagyz edilmeginde gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň özüniň bäş müňýyllyk taryhyna buýsanýan halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we pähimleriniň özboluşly jemlenmesidigini bellemek guwandyryjydyr.
Diňe bir türkmen jemgyýetinde däl-de, bütin dünýäde uly gyzyklanma döreden «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň Gahryman Arkadagymyzyň örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, gadymy hem müdimi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmakda, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin öwrenmekde nusgalyk mekdepdigini nygtamak gerek. Kitaby okap çykanyňda hormatly Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemländigine we ulgamlaşdyrandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň.