Arassa ekologiýa – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

31 Maý 2022
1563

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşynyň zerurlyklarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzalmagydyr ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň, janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy — bu islendik döwrüň talabydyr. Şonuň üçin Gün dogup Gün ýaşyp, dört pasyl özleriniň özboluşly gylyk-häsiýetleri we aýratyn owadanlyklary bilen biri-birini çalşyp durýar. Dünýäniň ýüreginde ýerleşýän güneşli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ekologiýa taýdan arassalygy, sähraýy tebigatda bitýän ähli ösümlikleriň jana tenekarlygy bilen dünýäni haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan umydyňy artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar.

Gadymy türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy derman ösümlikleri dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy ensiklopedik kitabynda milliligimiz siňen bereketli topragymyzda ösýän ösümlikleriň aýratyn ähmiýeti dogrusynda durlup geçilýär: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler. Olar tebigatyň güýji bilen agaçlardan we otlardan bölünip çykýan peýdaly maddalardan peýdalanypdyrlar. Adamlar pişik, it ýaly öý haýwanlarynyň ösümlikleri iýip, hassalykdan sagalýandyklaryny görüpdirler. Awçylar ýaraly jerenleriň ýerli ilata gan togtadyjy serişde hökmünde belli bolan gyzyl myhaklary iýýändiklerini synlapdyrlar» diýip, ynsan bilen tebigatyň juda sazlaşykly arabaglanyşygynyň bardygyny açyp görkezýär.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni.