Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.
Ylmy ösdürmek, onuň hilini täze, has ýokary sepgitlere çykarmak ýurduň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim we terbiýe bermekde zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasat hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Bu kanunçylyk namalar ylym-bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini hem-de ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şeýle-de, ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmegiň esasy nukdaýnazarlarynyň arasynda ylmy bäsleşikleriň hem uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýaşlary ylmy bäsleşige çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-binýadyny berkitmäge, halkara ylmy jemgyýetine aralaşmaga, milli ylmy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Olar ylmy-barlag işleri pudaklaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleri-de munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Berkarar döwletimizde ýokary okuw mekdepleriniň täze döwrebap binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň kämil derejedäki tilsimatlar bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-tälim almaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýeti örün uludyr.