Göwünler joşanda
Teatr. Bu diňe sahna däldir. Onuň gapysyndan girende tomaşaçy sungat seždegähine düşen ýaly duýga gaplanýar. Teatryň sahnasy — bu hakyky durmuşy, taryhy we ykballary, şu günki günümizi, biziň içki dünýämizi açyp görkezýän aýnadyr. Şol aýna jadyly sungat derejesine ýetende tomaşaçyny güldüribem, oýlandyrybam, hatda agladybam bilýär. Bu diňe sahnada döredilen keşbe, şony döredýän artistiň ussatlygyna bagly. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzyň özgerişlerinden ruhlanyp, sahna ussatlarymyzyň hormatly kärlerini dowam etdirýän artistlerimiz barmak basyp sanardan kän. Ykbalyny sungata örklän zehinli, ussat artistlerimiz ýurdumyzyň ajaýyp teatrlarynda döredijilikli zähmet çekýärler. Ine, sahna çykyp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlap, hakyky durmuş wakalaryny açyp görkezýän zehinli artistleriň biri-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýewdir. Žurnalyň şu sanynda onuň bilen söhbetdeşligi okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. Ýaşlyk — ynsan ösüşiniň iň gözel döwri. Ýaşlykda gujur, ruhubelentlik, şu bagtyýar günlerimiziň keşbi, aýdyň geljegiň şuglasy bar.