Bosagada duran şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli Diýarymyzda her bir ulgam boýunça ýaýbaňlandyrylýan çäreler, guralýan maslahatlar, sergiler sanardan kän. Her bir güni toýlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyza mizemez şöhratlyklary, tükenmez rowaçlyklary bagyş edýär. Ýurdumyzda dürli ulgamlar boýunça baş baýramyň öňüsyrasynda alnyp barylýan işler baýramçylyk joşgunyny has-da goşalandyrýar. Şonuň bilen baglanyşykly bu gün, ýagny 20-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli iki günlük sergi dowam edip dur.