"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara guramasynyň ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamasy. Bu resminamala

Sport ul­ga­my üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Şonuň bilen birlikde parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna görä barha ösdürilýär. Çünki, sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdir. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar.

Seljuklaryň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda şu binýatlyk ähmiýetli pikir-garaýşyny beýan etdi: «Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar». Bu çuňňur paýhasa eýlenen sözleriň gözbaş alýan çeşmeleriniň biri hem halkymyzyň şöhratly taryhy, hususan-da, häzirki zaman dünýä siwilizasiýasynyň emele gelmeginde mynasyp orun alan Beýik Seljuk imperiýasynyň bize miras goýan daşary syýasy we diplomatik ýörelgeleri hem däpleri bolup durýar. Olary içgin öwreneniňde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatyndaky bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň ata-babalarymyzyň dünýäniň ençeme künjeginde döreden döwletleriniň daşary syýasatynyň özeninden gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýip nygtalýan hakykaty diňe bir sebitde däl, eýsem orta asyr taryhynda möhüm orun eýelän Beýik

Bilimden binýatly türkmen ýaşlary

Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu Maksatnamada uly orun berlendir. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleri öz asylly maksatly işlerini has-da netijeli alyp barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Inžener-tehiniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden netijeli peýdalanýan, ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlaýa

Maş­ga­la söh­be­ti

Maşgalanyň özi bir kiçijek döwletdir. Ine, şol kiçijek döwlet barada biziň ýurdumyzda döwlet derejesinde has ýakyndan, dynuwsyz alada edilýändigini her birimiz duýýandyrys. Ol alada ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada syrygyp gidýär. Şu ýerde şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekendigini hoşallyk bilen ýatlamalydyrys. Bu Kanun boýdan-başa ýaşlar hakynda döwletiň edýän aladasynyň beýanydyr. Ýaşlar bolsa maşgalada kemala gelip, soňra özleri-de maşgala döredýär. Şonda olar ilkinji terbiýäni, görüm-göreldäni maşgalada alyp, ata-baba däp-dessurlary-da maşgalada öwrenýärler. Şonuň üçin ýaşlar hakyndaky alada gönüden-göni maşgala ýagny ADAM hakyndaky aladadyr. Ýaşlar hakyndaky Kanun «ýaşlar» diýen düşünjede 35 ýaşa çenli bolan raýatlary göz öňünde tutýandygyny gepiň gerdeşine görä, belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň bu Kanunynda ýaşlara terbiýe bermek meselesine uly ähmiýet berilýär. Oňa ýörite bir bap bagyşlanypdyr. Kanunyň III baby «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» diýlip atlandyrylýar hem onda ýaşlara terbiýe bermegiň ugurlary görkezilýär. Has anyk aýtsak, bu mesele Kanunyň 7 – 9-njy maddalarynda öz beýanyny tapdy. Kanunda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş-watançylyk, taryhy-watançyly

«Dün­ýäň sal­lan­ça­gy enäň elin­de»

Näme üçindir ene barada ýatlananda, hemişe kalbyňa üýtgeşik bir mähir aralaşýar. Eneler barada aýdymdyr goşgy diňlenende, ýüregiňde söz bilen beýan edip bolmaýan nähilidir bir duýgy peýda bolýar. Ol perzendiň enä bolan söýgüsinden, enäniň perzende bolan mährinden döreýär. Şonuň üçin ol beýik ynsana «mähriban ene» diýilýär.

Ra­sio­na­li­za­tor­çy­lyk işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy, täze senagat pudaklaryny döretmekde milli Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylma uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylmyň-bilimiň ösüşinde görýäris. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli innowasiýa ulgamyny kemala getirmek maksady bilen ylmy-barlag işleri hem-de täze oýlap tapyşlar we tejribeler üçin maliýe serişdelerini goýbermegi dowam etdirmek, ylmy köp talap edýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleri höweslendirmekden ybaratdyr» diýlip bellenendir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä tejribesinden peýdalanyp halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Ba­ha ul­ga­my­nyň kä­mil nus­ga­sy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakyndaky alada hiç wagt ünsden düşürilmeýär. Halkyň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň gün-günden gowulanmagy bolsa onuň aýdyň mysalydyr. Esasy Kanunymyzda hem: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýip bellenilýär. Hut şondan ugur alnyp, ýurdumyzda zähmetsöýer halkyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän zamana öwrülýär. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasat diňe bir ýurdumyzyň ykdysady, önümçilik kuwwatyny artdyrman, eýsem durnukly baha ulgamyny üpjün etmeklige hem mümkinçilik berýär. Baha ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan baha kesmek işi hem Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmeklige özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Baha kesmek işi Esasy Kanunymyzda, «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. Baha kesmek işi ýurdumyzda baha ulgamynyň kämil nusga eýe bolmagyna

«Ýyllar geçýär, galýar gözellik»

Türkmeniň gadymyýetden uzaýan asylly däbiniň häzirki gün hem birkemsiz ýöredilmegi onuň aslynyň päklikden, halallykdan uzap gaýdýanlygyndan habar berýär. Çünki islendik bir millet özboluşly däp-dessury, edim-gylymy bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Eli çeper zenanlarymyzyň dokaýan bezeglik el işleri bu günki günde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlularyň ünsüni özüne çekýär. Bütin älemi haýrana goýýan türkmen gölli, şeýle-de tebigatyň, dünýäniň iň gözel ýerleriniň şekilleri siňen nepis halylarymyz her bir öýleriň, iş ýerleriň bezegi bolup durýar. Bu gözellik bize gadymyýetimizden şu günümize mirasdyr. Nepis halylarymyzyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä milletleriniň her bir ojagynyň bezegi bolmagynda telekeçi zenan Gülnur Çopanowa bu günki gün asylly işi alyp barýar.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy»

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bolan şu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek aýratyn bir baýram hökmünde bellenilip geçildi. Paýtagtymyz Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynda geçirilen şol baýramçylyk çäresine gatnaşan hormatly myhmanlar türkmen alabaýyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklaryna, şekillendiriş, amaly-haşam eserlerine we fotosuratlara syn edip, ýurdumyzyň şöhratly geçmişini hem-de häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleri wasp edýän döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalaryň belentden-belent ýaňlanýan aýdymlaryny diňlediler. Esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orun eýeledi.  «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly alabaý mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow bolup durýar. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy – «Toyota Camry» kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we Diplom gowşuryldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby itleriň şu tohumy bilen baglanyşykly tar

Sport – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

Sport — ru­hu­be­lent­li­ge ba­dal­ga, sport — bag­ta ýa­ran bol­ma­gyň sal­gy­sy. Spor­ta öm­rü­ni bag­lan yn­san­la­ryň mak­sat­la­ry asyl­ly, ar­zuw­la­ry wy­sal­ly bol­ýar. Hut şo­nuň üçi­nem bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan sport tag­ly­ma­ty Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­ty be­lent ba­dal­ga­ly ösüş­le­re ýa­ran bol­ýar. Türk­men spor­tu­ny ge­rim­li ös­dür­mek ba­ra­da­ky be­lent baş­lan­gyç­la­ra pä­ki­ze zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýän sport ojak­la­ry­nyň bi­ri-de, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Olimp» sport mek­de­bi­dir. Biz go­laý­da bu mek­dep­de gel­jek­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­jak tür­gen­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy we al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, «Olimp» sport mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Güýç­gel­di Ha­jy­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Žur­na­lyň şu sa­nyn­da şol söh­bet­deş­li­gi oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­mek­li­gi mü­wes­sa bil­dik: —Güýçgeldi, ýaş türgenler ýurduň sport ulgamynyň geljekki şöhratynyň kepilidir. Türgenleriň taýýarlykly bolmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitet

Ýyldyz deýin şuglaly

Aýdym-saz zehini ýiteldýär. Ol döwrüň ruhy keşbiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Mylaýym äheňli aýdym-sazlary diňlemek arkaly biz ruhy dünýämize gaýybana syýahata çykýarys. Şeýle ajaýyp owazy döreden, sungatda at alan, özboluşly owazy, sazy bilen milletiň kalbynda tagt guran ynsan bolsa hemişe baky ýaşaýar. Sungatyň aşygy. Akgül ýeňňäniň bar hüýi-pişesi aýdym-saz bolansoň, maşgalada bellenilýän doglan günleriň şatlygy onuň ak ýüreginden gaýnap joşýan heňlerine garylyp giderdi. Öýe ýygnanan märekä şirin owazy bilen heziller berip, şatlyk-buýsanjyny sözlere geçirerdi. Bu höwes ony tas bagşyçylyk käriniň eýesi edipdi. Ol 1954-nji ýylda Ata Esadowyň dirižýorlyk etmeginde Aşgabatda geçirilen festiwala gatnaşyp, «Aýnabat» diýen aýdymy ýerine ýetirýär. Hakyky zehiniň özboluşly owazy diňleýjini biparh goýmaýar. Aýdym-saz boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolan Akgülüň sungat ýolundaky ilkinji ädimleri öz-özünden ýerbe-ýer boluberipdi. Emma gyz çekinjeňligi oňa böwet bolýan ilkinji sebäpleriň biridi. Üstesine-de, «Gyz halyňa aýdym aýdyp, il öňüne çykmak saňa gelişmez, gyzym! Gowusy, ýoluňy maşgalamyzdaky öňden gelýän mugallymçylyk kärinden gözläber» diýen kakasynyň maslahatyna uýan Akgül şol günden soň öz arzuw-hyýallaryny müdimilik kalbyna gizlemeli boldy. Oňa derek Lebap welaýatynyň Saýat şäherindäki 3-nji orta mekdepde mugallym bolup, bu ýerde zähmet ýoluny dowam etdirdi.

Reňk öwüşginleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz hem sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Elbetde, biziň taryhymyza bezeg berýän, durmuşymyzyň her bir pursatyny janlandyrýan zat sungat eserlerimizdir. Onuň islendik ugry özüniň özboluşly aýratynlygy, täsinligi bilen göreni özüne bendi edýär. Şekillendiriş sungatynda hem halkymyzyň taryhy, medeni gymmatlyklary, döwrümiziň beýik ösüşleri halypa suratkeşleriň işlerinde öz beýanyny tapýar. Şeýle ussatlaryň biri-de suratkeş Gurbangeldi Gurbanowdyr.  Döretmek, megerem, tebigatyň adama eçilen iň täsin gymmatlyklarynyň biridir. Döretmäge bolan islegler gözel närseleri, islendik hadysany kalby bilen kabul edýän dörediji adamy hemişe gozgalaňa salyp durýar. Ussat suratkeş hem döredýän her bir eserine ýüregini berip işleýänleriň biri. Kämillige gol beren suratkeş özüniň döredijilik tärleriniň täsinligi we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu gün ony at-abraýyň hem kämilligiň menziline ýetiren sebäp-waka heniz oglan wagty bolupdy. Suratkeş başda artist bolmagy arzuw edipdir. Ýöne ol ýetginjek wagty aram-aram muzeýe hem aýlanyp görerdi. Suratkeşleriň ýerine ýetiren ajaýyp eserlerini synlardy. Dürli reňkleriň sazlaşygy bilen döredilen geň-enaýy eserler onda täsir galdyrýar. Şondan soň ol suratkeş bolmagyň arzuwynda bolýar. Ol orta mekdepde okaýan döwründe diwar gazetlerinde çekýän suratlary bilen deň-du

Türkmeniň

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,Gara dagdan iner sili türkmeniň. Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Iý­seň hö­rek, hem­mä ge­rek

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, jö­wen eki­ni müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­läp­dir. Ga­dy­my­ýet­den bä­ri ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän bu ekin ata-ba­ba­lar­myzdan galan mi­rasdyr. Ta­ry­hy çeş­me­le­re sal­gy­lan­saň, jö­wen eki­ni di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl-de, goň­şy ýurt­la­ryň çäk­le­rin­de-de ekilipdir. Ak bug­da­ýyň me­ka­ny Türk­me­nis­tan bol­şy ýa­ly, goň­rak baş ak jö­we­niň mekany-da eziz Watanymyzdyr. Mil­li mi­ras hök­mün­de gel­ýän jö­wen eki­ni­ni ge­çen asy­ryň 60-njy ýyl­la­ry­na çen­li oba adam­la­ry köp­çü­lik­le­ýin mel­lek ýer­le­ri­ne ekip, dä­ne­si­ni iý­mit hö­kmü­n­de peý­da­la­nypdyrlar. Le­bap we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň otu­rym­ly ila­ty hatda öz mel­lek ýer­le­ri­ne jö­wen ekip, on­dan ýo­ka­ry ha­syl al­ma­gy ba­şa­ryp­dyr­lar. Jö­wen eki­ni­niň şeý­le köp ekil­me­gi­niň se­bä­bi iý­mit­li­li­gi, ýo­ka­ry ha­syl ber­ýändi­gi we ondan köp­dür­li dat­ly iý­mit­le­ri taý­ýar­lap bol­ýan­dy­gyndadyr.

Mä­hir da­rag­ty­nyň gü­li

(Aksona SAPARMEDOWANYŇ çeken suratlary.) Osmanjygyň jäk-jäk sesine Mahym gelin sünnäläp, keşdeläp oturan daraýy donuny ýerde goýdy-da, haýdap sallançakda aglap ýatan çagajygy eline alyp, köşeşdirmäge durdy.

«Gü­lüň owa­dan»

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň beýik medeniýeti, ajaýyp sungaty bar. Taryha ser salanymyzda milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Çünki türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan ussat halkdyr. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Halkymyzyň arasynda «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, gujur-gaýratly gelin-gyzlaryň azabyndan, yhlasyndan dörän halydyr palasy, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sypaýy matasydyr sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler uly bir sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen türkmeniň keçe sungatydyr. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymyýetden biziň günlerimize gelip ýeten türkmeniň gülli keçesi barada söhbet etmegi makul bildik.  Türkmeniň amaly-haşam sungaty. Ol başy asmana uzap duran daragt mysaly. Ol daragtyň islendik şahasyna diň salyp, onuň geçmişi, şu güni hakda oýlananyňda, seniň kalbyňy müň bir dürli öwüşginiň gaplap almasy ýöne ýerden däl. Çünki dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylarydyr haly önümleriniň şöhraty ençeme asyrlap älemi baglap gelipdir. Türkmeniň ruhy dünýäsi inçelik bilen şöhlelendirilýän bu zynatda milletiň beýik taryhy, gaýtalanmajak kämilligi, egsilmez buýsanjy bar. Ussat zenanlar halydyr

Bedew atlar taryhyň sahypalarynda

(Döwlet AKYÝEWIŇ çeken suraty) Syn-sy­ýak­ly be­dew at­lar dün­ýä­de iň bir ga­dy­my halk­la­ryň bi­ri bo­lan türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne be­ren gym­mat­ly­gy­dyr. Adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bolan be­dew at­lar ha­kyn­da­ky ga­dy­my ede­bi we yl­my mag­lu­mat­lar asyr­lar­dan aşyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Şeý­le ýaz­gy­lar çy­dam­ly­lyk­da, owa­dan­lyk­da özü­ni yk­rar et­di­ren be­dew at­la­ryň yn­sa­ny­ýet äh­li­ne he­mi­şe­lik hem­ra bo­lup ge­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Hytaý dili boýunça olimpiada

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý diline berilýän ünsi artdyrmak maksady bilen hytaý dili boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi. Sanly ulgamyň üsti bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilinden bilim alýan talyplaryň 70-si gatnaşdy. Olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý dilinden bilim alýan talyplaryň 8-si, ýagny hytaý dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby Mukaddes Almazowa, şol hünäriň 2-nji ýyl talyplary Aýlar Baýrammämmedowa, Selbi Orazjanowa we 3-nji ýyl talyplar Mähri Aşyrowa , Kyzlargül Rajapowa, Leýli Jafarowa, Şagül Nuryýewa, Bägül Atamyradowa dagy baýrakly orunlary eýelediler.