"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

DOWAM BOLSUN!

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Ýyllaryň hatar kerweni — Goja dünýäň hakydasy.Durmuş bir kitap ýalydyr,Her ýyl — täze sahypasy.

Döw­let­li­niň işi my­dam oň bo­lar

(Ta­ry­hy äh­mi­ýet­li mas­la­hat­dan soň­ky oý­lan­ma­lar) Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başy turuwbaşdan halkymyzyň şu gününiň bagtyýarlygyna, geljeginiň ýagty bolmagyna gönükdirilen döwletli tutumlar bilen başlandy. Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň rowaç başlangyjy boldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti bir palatadan ybarat Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly başlangyjy öňe sürdi. Halkymyzyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolan bu başlangyç demokratik ýörelgelere täzeden badalga berdi. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda bolsa paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Yg­ty­bar­ly yk­bal­la­ryň yk­ra­ry

Hawa, ynsan ykbalynyň ykrara eýe bolmagy bagtdan nyşandyr. Häzirki ajap döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň il-günümiziň ömrüne peşgeş berýän ajap günleri bagta güwälikdir. Owadan günler köňüllere şygyr kimin ganat bagladýar. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň il-günümize peşgeş beren ajaýyp ruhy serpaýy — «Dowam bolsun!» atly goşgusy hem kalby kanagatly ilimiziň ruhy dünýäsinde diýseň hoşnut duýgulary döretdi:

Ugur – ýag­ty gel­je­ge ta­rap

Adam ömrüniň gymmaty onuň ýaşan ýyllarynyň hümmeti bilen kesgitlenýär. 2022-nji ýyl hem hümmetli ýyllaryň biri boldy. Ol halkymyzyň taryhy senenamasynda aýratyn ýazgylary, ykbal özgerdiji wakalary, bagtly pursatlary galdyrdy. Şol pursatlary taryh hem, asyrlar hem, nesiller hem unutmaýar. Onda agzybir milletimiz öz ykbalyny saýlady. Gahryman Arkadagymyzyň dowamaty Arkadagly Serdarymyz ýurt baştutanlygyna biragyzdan saýlandy. Onuň ýurt baştutany hökmünde ilkinji gadamlary tutuş halky galkyndyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň ýurt baştutany hökmünde işe girişmegi diňe 2022-nji ýylyň däl, eýsem tutuş türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýan şanly waka boldy. Arkadagly Serdarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, halkyny döwletiň baş gymmatlygy we esasy barlygy hökmünde görýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsansöýüji syýasatyna dowam berdi. Gahryman Arkadagymyzyň ak ýollaryny dowam etdiriji, beýik döwlet syýasatyny amala aşyryjy Arkadagly Serdarymyz öz halkynyň hakyky hossary, ýaşlaryň howandary boldy. Arkadagly Serdarymyz iş başyna geçen ilkinji günündäki taryhy çykyşynda: «Bu ynamyň diňe özüme däl-de, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar siz ertir döwleti dola

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri, Arkadag — bagtly halkyň şäheri!

Etekläp oturan Köpetdagyny,Buşlap dünýä türkmenleriň şanyny,Ýüregine ýazan Arkadagymy,Arkadag şäheri — bagtyň şäheri, Arkadag — bagtly halkyň şäheri!Zemine göwherden monjuk, hamana,Şan getirdi Galkynyşly zamana,Ýollar uzar dowamatdan dowama,

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Gah­ry­man Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam hak­da ala­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ru­dyr. Mu­nuň özi äh­li ul­gam­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler­de, döw­let­li tu­tum­lar­da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Türkmenistan döwletimizde adamlar hakdaky alada örän wajyp wezipeleriň biri bolup, ýylyň-ýylyna Döwlet býujetinde zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýokarlandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi we beýleki meseleler babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagyna getirýär. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Il sag­ly­gy ala­da­sy Ar­ka­dag­ly Ser­da­ryň, sa­ýa­syn­da gül­ler aç­ýar gal­ky­nyş­ly di­ýa­rym!

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän beýik işler dünýä içre nusgalyk derejä eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýmek bilen, il saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işleri ýola goýýar. Täze taryhy döwrümiziň bedew badyna bat goşan bu ýörelge esasynda ýurdumyzda täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Döredilen oňyn şertlerden peýdalanyp, saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlar öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak arkaly bu döwletli tutumlara mynasyp goşant goşýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheriniň täze binalarynyň hataryndan orun alan 450 orunlyk köpugurly hassahana hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açylyp, ulanylmaga berildi. Bu bolsa Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyz barada edýän uly aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Iş orunlary

Eks­por­ta gol­daw ber­me­giň mil­li tej­ri­be­si

Dünýä ykdysadyýetinde globallaşmak prosesleriniň dowam edýän häzirki şertlerinde milli eksport edijilere goldaw bermek we olaryň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek meselesiniň derwaýyslygy has-da artýar. Özüniň mazmuny boýunça eksporta döwlet goldawyny bermek milli kärhanalaryň halkara bazarlaryndaky bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we milli işewürligiň daşarky bazarlara çykmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu goldaw öz gezeginde, milli girdejiniň artmagyna, telekeçiligiň ösmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Gel­je­giň şe­ki­li

— Ine, ogul, şu ýeri gowuja gaz, onsoň ho-ol ýerdäki suwam açyp goýber! Goja agtygyna ekiniň başujundaky suw krandyny eli bilen görkezdi. Bäşim krandy açansoň, az-owlak damjalaýan suwa kanagat edibermedi. Onuň agzyndaky suw şlangyny sogrup, krandy güýçli açyp goýberdi. Sesiniň ýetdigindenem gygyryp:

Baldan datly täze önümler

Ýo­ka­ry hil­li önü­mi ön­dür­mek­de il­kin­ji bas­gan­çak, şo­ko­lad­ly, süý­jü­lik önüm­le­riň gyz­gyn­lyk hem-de so­wat­ma tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň saz­la­nyl­ma­gy­dyr. «Ak na­bat» ha­ryt ny­şan­ly kon­di­ter önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na bu ugur­da jo­gap­kär­li iş alyp bar­ýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, importyň ornuny tutýan ýokary hilli konditer önümlerini öndürýän hususy taraplaryň sany barha artýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümlerimizi ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Şeýle ýokary hilli önümleri halkymyza ýetirýän kärhanalaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak nabat» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanasydyr. Telekeçi Aknabat Nurmämmedowanyň ýolbaşçylygynda bu ýerde dürli görnüşli konditer önümlerini öndürmek boýunça onlarça iş alnyp barylýar.

Di­ýa­ryň ho­wa gur­şa­wy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr. Bu günki gün adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda dünýä möçberde ýagdaýlara düýpli täsirini ýetirýän howanyň üýtgemek meselesi öňe çykýar. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky ýyllarda geçirilen barlaglar aýdyň görkezýär.

Asyrlara şaýat Köpetdagym

Görkana Watanymyzda tebigatyň ähli täsinlikleri jemlenendir. Gojaman Köpetdagyň täsin tebigat dünýäsine syýahat edeniňde ozalda bir dana pähimdaryň belleýşi ýaly, özüňi onuň bir bölegi hökmünde duýýarsyň, oňa bolan söýgiň biygtyýar artýar. Köpetdagyň dereleri türkmen edermen ýigitleriniň at çapyp, seýrana çykyp, ýurdy belentden synlan ýerleri, janlaryny orta goýup goran, mukaddeslige öwren mekany. Häzir bu ýerleriň tebigaty goralyp, baýlyklary dikeldilip, giňden öwrenilýär. Dagyň özboluşly tebigat dünýäsi has-da baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde hereket edýän Türkmenistanyň Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy bu tebigy zolagyň ösümlik we haýwanat dünýäsini içgin öwrenmek bilen, onuň mümkinçiliklerini, tebigy şertlerini hem-de peýdaly täsirlerini açýar. Goraghanada ähli zerur bolan ekologik we gorap saklamak çäreleri amala aşyrylýar.

Sungatyň uçguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il bähbitli döwletli tutumlar şanly wakalara beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ýaşlara bildirilýän ynamyň ykrary boljakdygy ikuçsyzdyr. Şu nukdaýnazardan, biz hem žurnalymyzda zehinli ýaşlaryň döredijilikli üstünliklerini ýüze çykarmak maksady bilen, «Döwrüň bagtyýar ýaşlary» atly rubrikany açmagy müwessa bildik. Bu rubrika astynda žurnalymyzyň her sanynda ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýan ýaş zehinleriň döredijilik ýoluny açyp görkezeris. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň joşguny bilen täze-täze zehinleriň ýüze çykýandygy hemmämize mälim. Şeýle ýaşlaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň dutar hünäriniň talyby Ogulnabat Berdiýewadyr. Sungat — bu inçe senet. Her bir sungat adamsynyň bolsa aýratyn ýykgyn edýän ugry bolýar. Aýdaly, şahyr öz şygryndaky söz ussatlygynyň täsiri bilen okyjyny bendi etse, sazanda barmaklarynyň hereketinden çykýan jadyly owazy bilen öz muşdaklaryny maýyl edýär. Käbir adamlar bolýar. Olar nirede, nähili pursatlar bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da çagalykda aňyna siňen duýgulardan daşlaşmaýar. Şol duýgurlygy, synçylygy bilen töweregindäki zatlary öwrenmek, ony ile ýaýmak isleýär. Biziň talyp gyz bilen söhbedimiz hem hut şu soragdan başlandy:

Mert ýigidiň medetkäri

Türkmen halky birä atyny, birde ýaragyny hiç bir kesekä ynanmandyr. Bir wagtlar duşmanlardan goranmak üçin ýasalan ýaraglar bu günki gün türkmeniň taryhda ýeňil bolmadyk ýaşaýşynyň subutnamasy hökmünde öýojaklarymyzda apalanyp saklanýar. Üstünden müňýyllyklaryň aşandygyna garamazdan adam eliniň döreden bu ajaýyplyklarynyň arzysy hiç wagt kemelmeýär. Baglar ondan alar taglym, leşgeri sapsap durarHer salanda zülpükaryn, artar ýigidiniň höwesi

Dö­re­di­ji­lik – ne­si­be­den çy­kan paý

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy bilen öňe sürlen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha ýokarlanýandygydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen dowam etdirilen beýik başlangyçlar özüniň miwesini watandaşlarymyza bolluk bilen eçildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň hem gadamlary diýseň batly boldy. Dünýäniň ykdysadyýetinde dürli hili syýasy, geosyýasy, tebigy we gaýry ýagdaýlar sebäpli çylşyrymlylygyň dowam edýändigine garamazdan, biziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bellenen meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýetilýän sepgitler diňe bir döwlet ýa-da halk bähbitli bolman, eýsem Ýer ýüzüne parahatçylykly zähmetiň rähnetini ýaýmaga hem öz täsirini ýetirýär, dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň abraýynyň mundan buýana hem artmagyna getirýär. Şeýle bolansoň bu parahat hem asuda zamany wasp etmegi her bir dörediji adam özüne borç hasaplaýar. Ýazyjy-şahyrlar hem munda çetde duranoklar. Şeýlelikde, türkmen ýazyjylary döwrüň talaplaryna ses goşup, edebiýatyň ösmegine önjeýli goşant goşýarlar. Olar özleriniň gyzykly hem täsirli eserleri bilen okyjylary begendirip gelýärler. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylynyň ähmiýetine üns çekip, halypa-şägirtligiň rowaçlanmagy üçin ýaşlara göreld

Dost sowgady (hekaýa)

(Aksona SAPARMEDOWANYŇ çeken suratlary.) Otaga salam berip giren Arslany atasy Aşyrmyrat aga gadyra gundap garşy aldy.

Depämdäki täjim sen!

— Hany, ýegenlerim, bärik geliň! — diýip, aňyrdan ýylgyryp gelýän Umyt Merjendir Göwheri ýanyna çagyrdy-da, penjeginiň goltuk jübüsinden çykaran gültahýalaryny gyzlaryň başyna geýdirdi. Ol: — Muny mamaňyz iberdi, alyň, nesip etsin! — diýdi.

Dekabr

Ejem ala sygryn saganda gyşda,Oň elleri buza dönerdi üşäp,Şol günleri ýadyma salyp her ýyl,Ynha, dekabyram gelipdir hoşbap. Gerdeninde ak hünjüli possuny,Dahanynda sadap deý ak dişleri,Gel, dekabr, ak garyňy sepeläp,Hemem biraz azaltsana işleri!

Pelsepeler dünýäsinden

Ynam — başlangyç «Diňe özüne ynanýanlara ynanýandyrlar»

Meşhurlyga elten ýol

Hindi kinosy diýlende biz sungatyň bu görnüşiniň Hindistanda hut industriýa pudagyna öwrülendigini hökman aýtmalydyrys. Hindistan diýlende göýä ähli arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy, görülmedik tebigatyň ynsan duýgularyny heýjana salýan mekany iki gaşynyň ortasyna emeli hal goýulan garaýagyzdan gelen garagözelek gyzlaryň söýgi wepasyny jandan ileri goýup berjaý edýän jadyly topragy hökmünde kabul edenligimiz çyndyr. Aziýanyň Golliwudyna öwrülen Mumbaýda (öňki Bombeýde) her ýyl müňlerçe filimler surata düşürilýär.Şonuň üçin ol indi Bolliwud diýlip atlandyrylýar. Türkmen topragynda-da hindi kinolaryna, hindi aýdymlaryna gyzyklanmanyň çäksizdigini aýtsa bolýar. Türkmen tomaşaçylaryň söýgüli aktrisasy Arti ady bilen tanalan, Bhanurekha Ganeşan 1954-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Hindistanyň Çennaý şäherinde eneden dogulýar. Çagalykda onuň kakasy näbelli sebäp bilen maşgalasyny terk edýär. Maşgalanyň uly perzendi heniz 12 ýaşyndaka eklenç etmek üçin orta mekdebini taşlamaly bolýar. Ol ýetginjek ýaşda bolsa hem, sungat dünýäsine ädim ätmegi başarýar. Rekha 1966-njy ýylda režissýor Rangula Ratamyň telug dilinde alnan filminde ilkinji gezek ýetginjek çykyş edýär.