Çynma-çyn ýurdunyň toý däpleri
Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly hytaýlylarda hem zenan maşgalanyň orny öýüň bikesi hökmünde kesgitlenendir. Gyz çagalar şu maksat bilen terbiýelenip, olara kiçilikden bir ojagy ýöretmek üçin ähli zerur zatlary, biş-düşi, arassaçylyk işleri öwredilýär. Şeýle ýetişdirilen, geljekde gelin bolmaly gyz bolsa ähli kişiň ünsünde bolýar. Hytaýlylar döwrebaplyga üns berseler-de, öz däp-dessurlaryny häzirki güne çenli getiripdirler. Şeýle dessurlaryň dürlüligine garamazdan hersiniň aýratyn orny bar. Şonuň üçin hytaý düşünjesinde «Durmuşyň üç ajaýyplygy» diýilýän nika, maşgalada ogul perzendiň dogulmagy, bilim almak ýaly maksatlaryň düzülmegi ýöne ýerden däl. Görnüşi ýaly, onuň birinjisi hem «durmuş toýy» bolup durýar. Ol diňe iki ýüregiň birikmegi bolman, eýsem iki maşgalanyň hem ýakynlaşmagyny aňladýar. Munda «üç habar» we «alty adat» diýen tapgyr toý tutulyp, nika gyýylýança ýöredilýär. Alty adatyň birinjisi «gudaçylyk» bolýar. Saýlanan gelinligiň öýüne söz aýdyjy dile çeper zenan ýigit tarapyndan ugradylýar. Ol ilki osmakçylyk edip, bu maşgalanyň tutýan ornuna görä, ýigit ýeri üçin gyzy içden-daşdan ählitaraplaýyn sorap-ideýär. Soňra bu ýere gelmeginiň sebäbini aýdyp berýär. Bu gelen myhmana hiç hili hödür-kerem edilmeýär. Aýdylýan maşgala makullansa, sözi kabul edilýär. Bu zenan hem iki maşgaladan halat-serpaýyny alýar. Ikinji adatda, ýigit bilen gyz görüşýär. Soňra gowy günleriň biri s