"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­ma­gyň hu­kuk esas­la­ry

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda çagalaryň kanun taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Çagalaryň hukuklaryny goramak, olary sagdyn durmuş ýörelgeleriniň göreldesi bilen terbiýelemek, geljekde arzuw edýän hünärleri we tebigy başarnyklary esasda hünärlere ugrukdyrmak ýaly halkara guramalarynyň ünsünde duran meseleleriň çözülmeginde ýurdumyzyň durmuşa geçirýän işleri dünýäde giňden oňlanylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň gurluşyklary dowam etdiriler».

Halk islegi hasyl boldy, Arkadag!

Türkmen halkymyzyň Milli Lideri,Halk islegi hasyl boldy, Arkadag!Has belende galdy türkmeniň seri,Halk islegi hasyl boldy, Arkadag! Halk Maslahatdan şat boldy şol gün,Gündogardan nurun saçdy täze Gün,Dür sözlerden ganat ýaýdy päk göwün,Halk islegi hasyl boldy, Arkadag!

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Berkarar ýurdumyň şöhraty-şany,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.Gülledýär Galkynyşly täze eýýamyArkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar. Beýik binalary, köşkdür öý gurup,Diýseň galkynýarlar jandan eý görüp,Bagta barýar sahawata eýlenip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Bedew

Türkmenleň söýeni, saýyp behişdi,Kerem-keramatly, halatly bedew.Ümdüzne tutdursa, bir uçar guş deý,Ýelden ýyndam, misli ganatly bedew. Gudrat, ýigde syrdaş bolup döreýşi,Gyz deý näzik keýerjekläp ýöreýşi,Süňňi syzgyr, täsin laçyn garaýşy,Haýran eder, syrdam-syratly bedew.

Ze­hin zi­re­si

Nowruz Güýjowy ildeşlerimiz ýakyndan tanaýandyr. Sebäbi ol milli teleýaýlymlarymyzyň iň gowy we zehinli alypbaryjylarynyň biri. Hususan-da, onuň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda alyp barýan «Bereketli Garagum» atly gepleşigi täsirliligi we döredijilikli çemeleşilýänligi bilen tapawutlanýar. Nowruz Güýjow döwlet derejesinde geçirilýän dabaraly hoşallyk maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny alyp barmakda hem işjeňlik görkezýär. Bu gujurly ýaş ýigit Arkadag Serdarly döwrümiziň öňdebaryjy, ukyp-başarnykly we heniz ýaşdygyna garamazdan, meşhurlyk gazanan ýaş zehinleriniň biri. Onuň döredijiligi hakynda bilmek hem okyjylarymyz üçin gyzykly bolar diýen umyt bilen, bu babatda durup geçmekligi müwessa hasapladyk. Nowruz Güýjow 1995-nji ýylyň 1-nji martynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn geňeşliginde dogulýar. 2012-nji ýylda şol obadaky 32-nji orta mekdebi üstünlikli tamamlaýar. 2013 — 2015-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny birkemsiz berjaý edýär. 2015-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünärine okuwa girýär hem-de ony 2020-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.

Bi­lim öz­gert­me­le­ri — ösüş­le­riň bin­ýa­dy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ösdürmek, aýratyn hem bu ugurlar boýunça ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak işlerini çaltlandyrmak, häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän binýatlaýyn bilim we ylym ulgamlaryny kemala getirmek, bilimiň we ylmyň jemgyýetimizdäki ornuny ýokarlandyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýärHormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmegiň, hünärmenleriň ýaş neslini kemala getirmegiň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, bütindünýä tehnologiýalar giňişliginde olaryň bäsdeşlige ukyply öňdebaryjy önümleri öndürmegi we öňdäki orunlara çykmagy üçin ähli şertleri döredýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň aýdan: «Nesilbaşymyz Oguz hanyň adyny göterýän uniwersitet nusgalyk bilim we ylym ojagyna öwrülmelidir» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitet täze döredilendigine garamazdan, gysga wagtyň içinde köp ugurlar boýunça tejribe gazanmagy başardy. Uniwersitetiň esasy maksady ýurdumyz

Dag ilin­den del ta­gam­lar («Di­ýa­ryň» dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň sy­ýa­ha­ty)

Ogulsoltan daýza bilen tanyşlygymyz eýýäm ýolda başlanypdy. Körpe oglunyň gelni Ajaýyp gelneje ýaşuly zenan, onuň dür dökülýän elleri dogrusynda şeýle gyzykly gürrüňleri berýärdi weli, biz basymrak dag ýoluna düşmäge howlugýardyk. Ulagymyz kä dagyň gujagynda ýitirim bolup, käte belentligiň çür başyndan aşaklygyna uzalyp gidýän ýola düşýärdi. Hamala el bilen oturdylan ýaly, ýoluň iki gyrasyndaky düzüm-düzüm arça agaçlary, aňyrsyna gözýetmez mahmal meýdanyň çigildemdir gülälekleri dagyň ýaşyl ýapynjasyna görk berýärdi. Daş-töweregi synlap durşumyza ulagyň öň tarapynda oturan kärdeşimiz Dörtguly aganyň: «Bäý-bäh, bu gözellikler üçin şunça ýol söküp geleniňe degýär» diýen sözleri bir pursatlyk tebigata gönügen huşumy özüne getirdi. «Hawa, bu ýerler baryp ýatan gudratdyr» diýip, söze başlan Ogulsoltan daýzanyň gelni täzelikde ýoldaşynyň iş ýagdaýy sebäpli obadan uzaklaşyp, Gyzylarbat şäherine göçmeli bolandyklaryny aýtdy. Elbetde, derdiňe derman bu gözel mekandan daşlaşmak her kişä agyr degjekdi.Ine-de, Magtymguly etrabynyň dag eteginde ýaýrap ýatan Hojagala obasy. Möwsüm bahar pasly bolansoň, gaýalaryň ýüzündäki jylgalaryň, gündogar tarapda gözýetimde ýazlyga çykan çopan goşunynyň, giň ekin meýdanlardaky erikdir ülje agaçlarynyň gül açan täsin görnüşi köňlüňi heýjana salýardy. Gözel tebigatyndan gaýry ýene bir bellemeli zat, bu myhmançyl ilde öýüniň deňinden ge

Ga­dy­my na­gyş­lar — medeni mirasymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmäge, onuň deňsiz-taýsyz ähmiýetli taraplaryny ýüze çykarmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, keşde nagyşlaryň ählitaraplaýyn syrlaryny öwrenmäge bolan şertler ýeňilliklere ýol açýar. Geçmişde nagyşlaryň, gölleriň her biriniň ähmiýeti uly hadysa bolupdyr. Birnäçe halklaryň döreden gymmatlyklarynyň, şeýle-de türkmen halkynyň döreden nagyş-keşdeleriniň gözbaş alýan ojaklary we olaryň nusgalyk bolup ýaýran ýurtlaryny karta esasynda hem görkezmek örän täsirli. Nagyşlarda matematiki, geografiýa, taryh, biologiýa, geometriýa, himiýa ylymlara degişli köp maglumatlar alyp bolýar. Şonuň üçin hem nagyşlar ylymlary we onuň ähmiýetli taraplaryny özünde jemleýär diýip aýtmak bolýar. Türkmen nagyşlary halkymyzyň ruhy we maddy baýlygydyr. Nagyşlaryň gelip çykyşy rowaýatlara esaslanýar. Şol rowaýatlar halkymyzyň gadymyýetde döreden ruhy we medeni baýlygynyň çäksizdigini görkezýär.

Rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýşyň çeşmesi we gönezligi bolan suwy netijeli, tygşytly ulanmak, oba hojalygynda ekinleri suwarylanda ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny ulanmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Sebäbi suw bolçulygyň, berekediň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem pederlerimiz suw hakynda «Suwly ýer — gül, suwsyz ýer — çöl», «Suw aka-aka durlanar», «Suw damjasy — altyn dänesi» «Gyş suwy — gyzyl suwy» ýaly many saçýan nakyllary döredipdirler. Türkmenistan irki döwürden bäri ekerançylygyň dörän mekany, bu gün bolsa, bolçulygyň, rysgal-berekediň ýurdudyr. Ýurdumyzda häzirki wagtda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ony egsilmekden we hapalamakdan goramak boýunça ylma esaslanan has netijeli usullary işläp taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny düzgünleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Suwda ynsanyň-da, ýeriň-de, janly-jandaryň-da, ösümlikleriň-de, daragtlaryň-da, mahlasy, ýaşaýşyň teşneligini gandyrýan gudrat jemlenendir. Pederlerimiz suwy berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplap, kärizleri, ýaplary, howuzlary gazyp, jykyrlary gurup, türkmen ýaýlalaryny gülledipdirler, bagy-bossanlyga öwrüpdirler.

Sa­pa­ly ke­na­ryň şy­pa­sy

Gojaman Hazar deňzi bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe juwan görünýär. Onuň kenaryndaky gözellikler hem ajaýyplyklar şeýle diýmäge esas döredýär. Deňiz kenaryna keşde çeken beýik ymaratlardyr binalar, seýilgählerdir myhmanhanalar täze özgerişiň mysaly bolup, seleňläp görünýär. Bu gözelligi al-asmanda pelpelläp uçýan guşlaram duýýan ýaly, birenaýy nagma kakýar. Mawy deňzem mylaýym tolkuny bilen saz edip, uzak ülkelerden gaýdyp gelen çarlaklaryň owazyna garylyp gidýär. Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrüldi. Gözel künjekde syýahat etmek, dynç almak, saglygyňy dikeltmek, bejertmek, sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde dünýä we milli binagärlik tejribeleri esasynda gurlan desgalaryň ählisiniň hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Syýahatçylyk zolagy berkarar döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ýokary derejededigini görkezmek bilen, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryň näderejede rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolup, sözüň doly manysynda, belentden dabaralanýar.

Sag­dyn­lyk — döw­le­tiň kuw­wa­ty

Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, ýaşlary sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär. Döwrebap dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti uludyr. Bu maksatnamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň işgärleriniň bitirýän hyzmatlary diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar . Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, saglygy goraýyş hem-de sport bilen bagly dürli çäreler alnyp barylýar, şeýle-de asylly däbe görä, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär. Çünki saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Häzirki wagtda döwletimizde ýaşlaryň, ylaýta-da, ösüp gelýän kiçi ýaşly çagalaryň saglygyny berkitmek, ýörite sagly

Paýhaslar ummanyndan

Akyldan gowy baýlyk, saglykdan gowy gymmatlyk ýok. Türk nakyly.

Аrap dün­ýä­si­niň gö­zel­lik­le­ri

Birleşen Arap Emirlikleriniň iň uly şäheri we deňiz porty Dubaý şäheridir. Ol Gündogar Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýär. Dubaý ajaýyp, köptaraply we üýtgeşik hakyky oazis şäheridir. Onuň meýdany 3885 kw. metr bolup, Abu Dabiden soň ikinji ýerde durýar. Dubaý dünýäniň iň yssy şäherleriniň biri hasaplanýar. Tomusda bu ýerdäki kölegäniň temperaturasy, köplenç, +50 derejä çenli ýokarlanýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Dubaý adaty binalary bolan çöl içindäki şäheri ýadyňa salýardy. Indi bolsa onuň arassa köçeleri we binalary şöhle saçýar. «Burj-Al-Arab» türkmençe terjime edeniňde «Arap diňi» diýmegi aňladýan, ýelken şekilindäki myhmanhana deňiz kenaryndan 280 metr uzaklykda, köpri bilen gury ýere birleşdirilen emeli adada ýerleşýär. Beýikligi 321 metr bolan «Burj Al-Arab» myhmanhanasy häzirki wagtda dünýädäki iň beýik 5-nji myhmanhanadyr.

Türkmen bahary

Çyksaň ýaşyl ýaýlaga, gowgalar sabar gider,Baksaň çeşme-çaýlara, arzuwlar galgar gider,Kalpda gopgun-gaýlara gollaryn salgar gider,Läle-reýhan güllerde aýanatdyr bu bahar. Asmandan gül ýaganda, dünýeler läle-reýhan,Dagda duman daganda, müň öwşün ýaşyl meýdan,Ömrüň ajap çagynda ykballar bagta seýran,Sähra-düzde, çöllerde beýanatdyr bu bahar.

Äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gy na­zar­lap

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy barha ilerleýär. Munuň şeýledigini halkara arenada ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň goldaw tapýandygy hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bilşimiz ýaly, 2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynda iş saparynda boldy. Goşulyşmazlyk Hereketiniň bu gezekki sammitiniň soňky ýyllarda dünýäniň başyna düşen ýokanç kesele — COVID-19-e bagyşlanyp geçirilmegi ýöne ýere däldir. Çünki bu ýokanç dünýäniň kadaly ykdysadyýetine uly zeper ýetirdi. Dünýä ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynyň işiniň ep-esli peselmegine getirdi. Halkara arenada ählumumy çökgünlik emele geldi. Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparynyň 2020-nji ýylyň maý aýynda sanly ulgam arkaly koronawirus ýokanjyna garşy durmaga bagyşlanyp geçirilen sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ählumumy çökgünligi ýeňip geçmekde bilelikdäki hereketleriň strategiýasynyň başyny başlandygy örän buýsançlydyr.

«Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda»

Halkara Nowruz baýramy dünýäniň ençeme ýurtlary bilen birlikde, her bir güni taryhy wakalara, şanly dabaralara beslenýän ýurdumyzda hem uludan bellenilýär. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda bu ajaýyp baýram ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 

Zenan Zemin zynaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir amala aşyrylýan işler halkymyzyň asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşamaklaryndan ugur alýar. Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işler durmuşa ornaşdyrylýar, çeper elli zenanlarymyzyň el işlerini dünýä ýaýmak boýunça sergi-ýarmarkalary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir» diýip belleýär. Bu sözler döwletimiziň esasy wezipeleriniň hatyrana goşulyp, gülden näzik zenanlarymyzyň gadyr-gymmatyny ýokary derejelere göterýär. Zenan diýmek binagär diýmekdir. Çünki islendik maşgalanyň berkligi zenanlarymyzyň mährine, iş başarjaňlygyna bagly bolup durýar. Çal saçly enelerimiziň, nowbahar gelinlerimiziň, nowjuwan gyzlarymyzyň sarpasy, hormaty belentden tutulyp, halkymyzyň arasynda: «Zenan gadyry zer bilen» diýilýär. Şol sebäpli halk iň ähmiýetli zadyny, gymmatly altyn-kümşüni, şaý-seplerini olara bagyşlapdyr. Şeýle zer-zerbap ýapylan zenanlarymyz Zeminiň zynaty bolup, gözellikleri tebigatyň gözelligi bilen hemişe bäsleşip gelipdir.

Ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanan maslahat

Bagtyýar döwrümizde ýurdumyzyň kalby ylhamly, göwni joşgunly, hyjuwly ýaşlary öz watansöýüjilik, edep-terbiýe, sylag-hormat duýgularyny siňdirýän döredijilikli kämil eserleri bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşinde çykyş edýärler, öz ýürek-buýsançlaryny dürli maslahatlarda, döredijilik duşuşyklarynda giňden beýan edýärler. Şu gün Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — ýurduň geljegi hem kuwwaty» atly maslahat geçirildi. Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň asyrlar  boýy ösdürip kemala getiren ruhy gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirýän, Watanyň, halkyň  ýagty ertirleriniň binýady bolan bagtyýar ýaşlaryň kämil döredijiligine bagyşlandy. Onda çykyş edenler, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rehmet Gylyjow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewa, şeýle-de beýleki neşirleriň bölüm redaktorlary, ýaş žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar ýurdumyzyň ähli pudaklaryny döwrebap derejede ösdürýän, gujur-gaýratly ýaşlarymyza uly ynam bildirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän A

Lebzine ygrarly bagtyýar ýaşlar

Ýaşlar şu günüň, geljegiň döredijileri hasaplanýar. Halkymyzda: «Nesilleriň gaýraty-il-günüň myrady» diýlen ajaýyp pähim bar. Ol halkymyzyň ýaş nesillerine bolan beýik ynamydyr. Berkarar döwletimizde hut şu, 2023-nji ýylynyň hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlary ýyly» diýip atlandyrylmagynyň özi-de gujur-gaýratly ýaşlarymyzyň dörediji güýjünden ylham alnandygynyň mynasyp subutnamasydyr. Her ýylyň özüne laýyk taryhy ähmiýetli wakasy, şanly senesi, ýatdan çykmajak pursatlary bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň başy hem göwünlerimizi galkyndyrjak çözgütleriň kabul edilen, il-günümiziň, ylaýta-da, ýaşlarymyzyň bähbidine amal edilen buýsançly wakalaryna beslendi. Ine, şolaryň biri hem 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýydyr. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki öňdebaryjy ýaşlaryny, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini özünde jemlän bu forum ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşinde edilýän ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmen-Hytaý gatnaşyklary rowaçlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 5 – 6-njy ýanwary aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň birek-birege hormat goýmak we netijelilik esasyndaky duşuşygy giň halkara seslenmä eýe bolup, Hytaýyň abraýly teleýaýlymlarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň täzelikleriniň esasy temasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň «Ženmin Žibao» atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, köptaraply hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara düşünişmegi gazandylar.