"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Uzak ülkedäki tagam (Muny bilmek gyzykly)

Italiýanyň adamlary, ýaşaýyş şertleri, esasan hem, tagam aýratynlygy özüne çekijidir. Mysal üçin, Italýan aşhanasynda inçe, ýuka ýaýylan içi dürli hurşy ýetirilen gutaplar we kesilen hamyrlar, täze aşlar, hamyrmaýaly çörekler, gök önümli çorbalar, tüwüli tagamlar uly islegden peýdalanýar. Aşpezler her gün diýen ýaly undan tagam taýýarlamak işine girişende, ilki başda çörek, galyberse-de, ondan taýýarlanylýan dürli önümleri esasy iýmitiň hatarynda goýýarlar. Tagam babatynda Italiýa oýlap tapyjylaryň mekany hasaplanylýar. Dünýä aşhanasynyň «eýesi» hökmünde onda ýer edinmegi başaran italýanlar pissa, çorba atylýan köp görnüşli aş tagamlarynyň baryny diýen ýaly oýlap tapypdyrlar. Un bilen çörege ýykgyn bolan halk hamyr tagamlarynyň hakyky söýerleridir. Eger pissa hakynda gürrüň etmeli bolsa, onda oňa örän gabanjaňlyk bilen garaýandyklaryny bellemeli. Hatda 1984-nji ýylda bu tagamyň taýýarlanyş usulyny gizlin we hilini gözegçilikde saklamak üçin ýörite birleşik hem döredipdirler. Tagamyna laýyklykda, bu ýerde pissanyň 2000 -den gowrak ady bolup, şolardan margaritda we marinara atlysy nusgawy görnüşleri hasaplanylýar.

«Gül zemine» hoş geldiňiz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri telekeçilik işine giň ýol açylýan, onuň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilýän, işewürligiň ähli mümkinçilikleriniň giňden açylýan döwri bolup, taryhymyza ymykly girdi. Milli Liderimiziň bimöçber goldawy we hemaýaty bilen türkmen işewürleri sanlyja ýylyň içinde baý tejribe toplamagy başardylar. Olar ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek boýunça uly işleri durmuşa geçirdiler. Türkmen işewürleri şähergurluşyk-binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny ele alyp, kaşaň binalary gurýarlar. Gurluşyklarda milliligiň usullaryny başarnykly ulanýarlar. Ony paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Daş ýaran zehin (sungat ussatlary)

Sungat baryp, gadymdan bäri mukaddes saýylypdyr. Bu inçelikleri, ajaýyplyklary döredýänem halk, oňa teşne bolýanam. Ol döredijilik ynsanyň kalbyndan syzylyp çykýan jadyly güýçdür. Halk oňa kalbynyň töründen orun beripdir. Türkmen ilinde sungatyň jadysy bilen muşdaklaryny maýyl edýän artist, aýdymçy, dabaraçy, sirk oýunçylary ýaly döredijilige bagry badaşan zehinli adamlara uly sarpa goýlup, toý-meýlisde iň hormatly orna mynasyp görülýär. Olar hemişe halkyň hyzmatynda bolup, halka hezil bermek, ruhuny götermek bilen ýaşaýarlar, döredýärler, zähmet çekýärler. Sungat wekilleri bolan şeýle ynsanlar barada gürrüň etmegiň özi-de örän ýakymlydyr. Öz döredijilik ýoluny tapyp, kesp-kärine uly söýgi bilen jogapkärçilikli çemeleşýän zehinleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenowdyr.

Kitaplaryň jadyly dünýäsinde (oçerk)

Okuw sapaklarynyň gutaranyna bir-iki sagat geçse-de, Durdynyýaz näme üçindir öýlerine gara beribermedi. Öňler beýle däldi, okuw tamam bolan badyna kän garaşdyrman, öýlerine gelerdi. Bu ýagdaý Oguljan gelnejäni ynjalykdan gaçyrdy. Ol gyzyndan habar bilmek üçin mekdebe ýetmäge howlukdy. Bärden barşyna, gyzynyň synp ýolbaşçylarynyň ýanyna bardy. Baýramgül mugallym Durdynyýazyň boş wagt tapsa, kitaphana gatnaýanyndan habarlydy. Şonuň üçin, ol Oguljan gelneje bilen bile Durdynyýazdan habar bilmek üçin ilki bilen kitaphana bardy. Özüni idäp gelendiklerini bilenden soň, Durdynyýaz kitaphanada eglenmeli boljagyny öýlerine habar etmändigini kitap bilen güýmenip oturyşyna ýadyndan çykaranyny ýaňy bilip galdy. Ýagdaýa göz ýetiren ejesi gyzynyň ýüzüne seredip, diňe ýylgyrmak bilen oňaýdy...

Garagumuň çulbalary

Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere diýseň baý. Ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi bilen görenleri haýran galdyrýan Garagumuň tebigy täsinlikleriniň biri-de çulbalardyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly çuňňur paýhasa ýugrulan romanynda: «Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar. Asyl bu çöl däl-de, sähra ahyryn! Çünki bu bereketli Garagumda bitmeýän ösümlik ýok. Garagum — bereketli gum, bereketli sähra diýmek bolmaly. Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi, gorhanasy.

Bezeg berýän guşlar

Dünýäde köp görnüşliligi, üýtgeşik reňkliligi, beýleki guşlara görä aňynyň ösenligi bilen tapawutlanýan toty guşlaryň üç ýüz görnüşi bar. Käbir öýlerde şol guşlaryň dürli görnüşleri saklanýar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde bezeg berýän guşlaryň iki sanysy eldekileşdirilipdir. Soňra olar dört-bäş ýyllykda erkinlige seýilgähe goýberilen. Bagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň sany şu wagt on bäş-on alta ýeten bolmaly. Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnynda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär. 1769-njy ýylda Italýanyň hem Awstriýanyň tebigaty öwrenijisi Jowanni Kopoli bu uzyn guýrukly guşy bir görnüş hökmünde anyklaýar. J.Kopoli zoolog Wilgelm Krameryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen bu toty guşa alymyň adyny dakýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki gyzyl guşlar mylaýym howany halaýar, ýöne salkyn ýere hem uýgunlaşyp bilýärler. Däneler, tohumlar ir-iýmişler, güller we olaryň şiresi bilen iýmitlenýän guşlar beý

Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

Biziň ýagyş ýagmagynyň yzýany asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli owadan älemgoşary görmedigimiz ýokdur. Ol Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi sebäpli emele gelýär. Has aýdyňlaşdyryp aýdanymyzda, bize sary bolup görünýän Gün şöhlesiniň reňki, aslynda ak bolýar. Şol reňkiň özünde beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjalary ol reňkleri owadan görnüşe getirýär. Ýagny damjalaryň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen, ýedi dürli reňkiň emele gelmegidir. Bu tebigy hadysa kähalatda ümürli howada Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen hem döräp bilýär. Şol ýedi reňk gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we melewşe görnüşindedir. Adatça, onuň reňkleri şu tertipde bolýar. Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňkli älemgoşarlar hem bolýar. Ýagşyň damjalary iri bolsa, älemgoşaryň reňki has dury we olaryň tapawudy açyk görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has gowşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Köplenç, ýarymaý görnüşinde peýda bolýan bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp bilner. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty ikindinara, güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol se

Doglan günüňiz haýsy pasyl?

Dürli ýurtlaryň alymdyr psihologlary soňky ýyllarda geçiren barlaglaryna esaslanyp, ynsanyň doglan pasly, onuň häsiýetine, zehin-ukybyna täsir edýär diýen netijä gelipdirler. Alymlar munuň sebäbini bolsa, enäniň çaga dünýä inýänçä iýmitlenişine we çaganyň ilkinji aýlardaky saglyk ýagdaýyna bagly bolýandygy bilen düşündirýärler. Şu ýerde psihologlaryň gelen netijelerini size hödürleýäris. Gyş pasly — zehinli kişileriň pasly.

Sungatyň gudratly güýji

Myratgeldi aganyň gözüni açyp göreni dutar, eşidýäni şirin mukamlar, aýdymlardy. Agasy Rejep Rahmanowyň, obadaşy Öwlüýäguly bagşynyň bile saz çalyp aýdym aýtmaklary onuň sungat ýoluna düşmegine itergi berýär. Onuň döredijilik ýolundaky ilkinji ädimi çeper höwesjeňleriň çykyşynda «Jeýhunym» atly öz döreden aýdymyndan başlanýar. Jeýhun tolkunlarynyň owazyny çeper sözde, pelsepewi pikire ýugrulan inçe duýguly sazda beýan etmegi başaran aýdymçy, ony ýerine ýetirmekde-de ussatlygyny görkezýär. Bu üstünlik bagşynyň kalbyny joşduryp, ony hyjuwly zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Jadyly sözler

Goňşularyň üljesi bu ýyl hem geçen ýylkysy ýaly gaty bol hasyl berdi. Goýy gyzyl reňkli üljeleriň içinden günüň tylla şöhleleri parran geçip, şeýle bir lowurdaýar welin, gözüňi gamaşdyryp barýar. Agajyň ýere degäýjek-degäýjek bolýan, şahalarynda sallanyp duran üljeler monjuk deý düzüm-düzüm bolup, bir enaýy görünýärler. Agajyň uly bir şahasy haýadyň köçe tarapyna eglip, üljelerini güjeňläp, «Iýesiň gelýärmi?» diýýän dek şemalyň ugruna gol bulaýar. A, belki, ol Selbijige goluny bulap çagyrýandyr. Wah, agzyň suwuny akdyrýan bu behişdi miweleri almak üçin haýada dyrmaşmak zerurlygam ýok. Han-ha, eliňi uzatsaň ýetip dur-da... Selbijik birnäçe wagtdan bäri bal ýaly üljelere göz gyzdyryp gelýär ahyryn. Şu gün-ä goňşylaram görnenok, ümsümje baryp alybermeli. Gyzjagazyň sabyr-takady galmady. Bat bilen geldi-de hasyr-husur üljeleri ýolup başlady. Şol wagt bir ýerlerden goňşy gyzjagaz Aýjahan çykaýdy:

Saglygyň açary — sagdyn iýmitlenmek

Türkmen tagamynda malyň etine aýratyn üns berilýär. Ol häsiýet çarwaçylygyň täsirinden döräpdir diýilýär. Munuň özi göçüp-gonup ýören çarwalaryň gadymy aýratynlygydyr. Şonuň üçin hem türkmenlerde ownuk, iri şahly we düýe malynyň, guşyň etlerini, balyk etlerini iýmek adat bolupdyr. Ýöne adamlaryň ýykgyn edýän iýmiti olaryň geografiki ýerleşişine görä kesgitlenipdir. Ýagny gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän ilata gündelik iýmitinde balykdan we deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary iýmek adat bolsa, Garagum çölüniň jümmüşinde, dag eteklerinde ýaşaýan türkmenlere ownuk mallarynyň we düýe malynyň etlerinden tagam taýýarlamak endik bolupdyr. Bu adat türkmen halkymyzyň ganyna siňip, häzirki wagtda hem dowam edýär. Lukmançylyk nukdaýnazardan seretsek hem et öz düzüminde adam bedeni üçin ähmiýetli bolan birnäçe maddalary saklaýar, ilki bilen, hökman biziň bedenimize haýsy ýaşdadygymyza seretmezden, belok maddasy gerek. Sebäbi belok bedenimizde gurluşyk materiallary bolup hyzmat edýär. Ýagny bedende ähli öýjükleriň kemala gelmegi, boýuň, saçyň we dyrnaklaryň ösmegi üçin belok bedene ýeterlik derejede gerek bolýar. Şeýle hem, bedende goraýjylyk häsiýeti bolan immun ulgamynyň emele gelmeginde hem belogyň ähmiýeti uludyr. Has takyk aýdanymyzda, belogy emele getirýän aminoturşylar ähmiýetlidir. Aminoturşylaryň käbir görnüşleri bedene daşyndan düşmegi hökmandyr. Şol aminoturşylaryň esas