Goňşularyň üljesi bu ýyl hem geçen ýylkysy ýaly gaty bol hasyl berdi. Goýy gyzyl reňkli üljeleriň içinden günüň tylla şöhleleri parran geçip, şeýle bir lowurdaýar welin, gözüňi gamaşdyryp barýar. Agajyň ýere degäýjek-degäýjek bolýan, şahalarynda sallanyp duran üljeler monjuk deý düzüm-düzüm bolup, bir enaýy görünýärler. Agajyň uly bir şahasy haýadyň köçe tarapyna eglip, üljelerini güjeňläp, «Iýesiň gelýärmi?» diýýän dek şemalyň ugruna gol bulaýar. A, belki, ol Selbijige goluny bulap çagyrýandyr. Wah, agzyň suwuny akdyrýan bu behişdi miweleri almak üçin haýada dyrmaşmak zerurlygam ýok. Han-ha, eliňi uzatsaň ýetip dur-da...
Selbijik birnäçe wagtdan bäri bal ýaly üljelere göz gyzdyryp gelýär ahyryn. Şu gün-ä goňşylaram görnenok, ümsümje baryp alybermeli. Gyzjagazyň sabyr-takady galmady. Bat bilen geldi-de hasyr-husur üljeleri ýolup başlady. Şol wagt bir ýerlerden goňşy gyzjagaz Aýjahan çykaýdy: