Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň maksady her bir adamyň syýasy, ykdysady, durmuşy hem-de beýleki raýatlyk hukuklaryny, azatlyklaryny durmuşa geçirmekden, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini, şeýle hem hukuk esaslaryny berkitmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýar, kepillendirýär. Bu konstitusion kadalar umumy ykrar edilen adam hukuklary baradaky halkara hukuklarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň durmuşdaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Arkadag Prezidentimiz ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň hukuk binýadyny berkitmek arkaly kanunçylygy düýpli kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak üçin derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň erkana durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge, medeniýetli dynç almaga bolan hukuklarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegi halkymyzyň ykdysady, durmuş we medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Muňa milli Liderimiziň: «Adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary derejesini üpjün etmek ýurdumyzda ýöredilýän syýasa