Aza­dynyň şahsyýet baradaky garaýyşlary

29 Iýul 2021
2011

Döwletmämmet Azady diňe bir ussat şahyr däl, eýsem, ähli babatda halypa, mugallym mertebesine galan beýik şahsyýetdir. Onuň köptaraply görüm-göreldesi baha bererden has ýokarda durýar. Kämil şahsyýeti terbiýelemegiň milli usul-tärleri Döwletmämmet Azadynyň eserlerinde mynasyp beýan edilipdir. Azadynyň filosofiýasy pragmatik nukdaýnazardan seredeniňde, has döwrebap filosofiýadyr. Dünýä, taryh, millet, din, döwlet, medeniýet, adamzat, adam ýaly düýpli meselelerde onuň filosofik pikirleri türkmen ruhyýetinden gelip çykýan garaýyşlary özünde jemleýär.

Alymyň «Wagzy-Azat» eserinde gözellik hakynda adamzada mahsus bolan etiki-ahlak ölçegleriniň derejesinde pikir ýöredilipdir. Onuň döredijiligi we ylmy garaýyşlary öz döwrüne çenli ylmyň ýeten belentliklerinden habarly bolandygyna kepil geçýär.

Mährijemal HAPYZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.