Çu­wal bag­şynyň öýün­de

29 Iýul 2021
2942

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin.

— Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.