Öňde belent maksatlar

30 Iýul 2021
1428

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem ýetilýän belent sepgitler has-da guwandyryjydyr. Bu pudakda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklaryň, energiýa serişdeleriniň mekany bolmak bilen, şol baýlyklar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işlerdir. Dünýäde uly gyzyklanma döredýän bu gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, ol türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini eksport etmäge mümkinçilik döreder. Bu bolsa Türkmenistanyň energiýa häsiýetliligini has-da artdyrar.

Aýgül JUMAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty.