Garaşsyz

29 Iýul 2021
1524

Halkymyzyň ýüreginde besläni,
Pyragynyň arzuw edip isläni,
Şygyr çemeninden düzdüm dessany,
Ata Watan — Türkmenistan Garaşsyz.

Özgerendir Bahry-Hazar arasy,
«Altyn asyr» Türkmen kölli obasy,
Iner, ak maýaly sähra-ýaýlasy,
Eziz Diýar — Türkmenistan Garaşsyz.

Jumageldi ANNAÝEW,
«Diýar».