Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugynyň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy

29 Iýul 2021
1696

Häzirki wagtda döwletleriň dünýä ýüzündäki orny we ähmiýeti belli bir derejede onuň köptaraply we sebitleýin halkara guramalaryna agzalygy bilen kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işlenilip düzülen döwletimiziň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary hil taýdan täze konstruktiw derejä çykardy. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty global parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň ileri tutulýan maksatlary hem-de meseleleri bilen baglydyr.

Milli Liderimiz:«Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn, köpmeýilnamalaýyn hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň, gürrüňsiz, ähmiýeti we strategiýa wektory bolup durýar» diýip nygtamak bilen, BMG-niň global özara gatnaşygynyň ähli häzirki zaman ulgamynyň esasy guraly, dünýä giňişliginde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny, global howpsuzlygyň bar bolan ulgamynyň durnuklylygyny goramagyň hem-de saklamagyň kepili hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we halkara gurluşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň hil taýdan oňyn, wagt taýdan hemişelik, esas taýdan tutanýerli bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat konsepsiýasyna yhlaslydygyny görkezýär. Bularyň ählisi Türkmenistana döwletara hyzmatdaşlyk syýasatyny täze derejä çykaryp, has işjeň durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.