Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür külterlän eždatlarymyzyň, ata-babalarymyzyň geçen ýoluny yzarlamak, olardan miras galan däp-dessurlar, edim-gylymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz mynasyp ornuny tapyp, giň gerime eýe boldy. Žurnalymyzyň şu sanynda gadymy döwürden biziň günlerimize gelip ýeten çaý içmek däbi, onuň taýýarlanyşy barada söhbet etmegi makul bildik.
Biziň ýurdumyz Günüň nurunyň iň bol düşýän ýerinde ýerleşýär. Şonuň üçin bolsa gerek, ýurdumyzda gök çaý içmek örän ýörgünli. Gök çaý adatça, gyşyna köp içiläýjek ýaly, emma başga döwletlerden tapawutlylykda, bizde we goňşy halklarda tomsuň jöwzaly yssysynda-da gök çaý köp içilýär.