1. Tutuş barlygyň, jemgyýetiň, halkyň öz ýaşaýyş-durmuşynyň ähmiýet-gymmatyny iki röwüşde — oňaýlylygy bilen bir hatarda, oňa utgaşaýjak kynçylyklary hem göz öňüne getirip kabul etmek, bir tarapdan, badyhowalykdan gorasa, ikinji tarapdan, bolup biläýjek lapykeçligiň öňüni alýar.
2. Adatça danalaryň çalt unudylmaly zatlaryň biri hökmünde görkezýän göwnüňe degen adamyň etmişini ýatdan çykarmagyň kynlygy oňa basgançaklaýyn çemeleşmäge derek, onuň oňyn däl duýgy syzylmasyny birdenkä garşy tarapa öwürmäge synanyşyk edilýänligi bilen baglydyr. Bu ýerde ädilmeli ilkinji ädim öňki oňyn däl duýga bitarap çemeleşmekdir. Bu usul psihologiýada we pedagogikada ýörgünli kem-kemleýin ýörelgesiniň çägindedir.