"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygynda san­ly ul­ga­m

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenilip, bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumyna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmak sanly ykdysadyýete geçmegiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär. Milli Liderimiziň pähim-parasatly döwrebap başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň tebigatyny goramaga hem-de öwrenmäge sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Täze döwrebap tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady taýdan netijeli bolmak bilen, ekologiýa talaplaryny berjaý etmekde hem bähbitlidir. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly zyýanly täsirleri peseltmek, adamlara işlemäge, dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmakda hem sanly ulgamyň ähmiýeti örän uludyr.

Da­na­lar­dan dür­dä­ne­ler

Adam­la­ryň ha­ky­kat­da nä­me pi­kir ed­ýän­dik­le­ri­ni bil­jek bol­sa­ňyz, ola­ryň aýd­ýan zat­la­ry­na däl-de, he­re­ket­le­ri­ne syn ediň.Re­ne De­karts. Ýe­ke­je söz ka­ra­ry­ňy, ýe­ke duý­gy ýa­şaý­şy­ňy, ýe­ke adam se­niň özü­ňi düý­bün­den üýt­ge­der.Kon­fu­siý.

Ne­pis ke­çe­ler

Gadymy senetlerimize syn edip oturşyma, pederlerimiziň bize galdyran mirasyna haýranlar galýaryn. Olaryň döredijilik ukybynyň, ussatlygynyň ýokary derejede bolandygyna buýsanýaryn. Tüweleme, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän, ajaýyplygy bilen gözüň ýagyny iýip barýan türkmen halysyny diýjekmi, jana melhem gülli keçelerini diýjekmi, dünýäni özüne bakdyran milli lybaslaryny diýjekmi... Asyl bu sungat eserlerini sanap gutarjak gumanyň ýok. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan asyrlaryň jümmüşinden aşyp, goraglanyp, apalanyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten bu senetler hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde has hem kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Olar biziň ýaş neslimize nusga alarlyk mekdepdir. Howlymyzyň bir çetinde kümüş saçly enemiň oturan sekisiniň üstüne düşelen owadan nagyşly keçe enemden bize galan ýadygärlik. Onuň üstünde, gör, nijeme adamlar oturandyr, dynç alandyr. Kakam ol sekini gardan-ýagyşdan, ýelden-günden goramak üçin üstüne ýörite bassyrma dikdi. Ol çagajyklaryň üýşüp oýun oýnaýan ýerine öwrüldi. Seki, oňa düşelen keçe tüýs: «Seniň eliň, meniň dilim hünäri, nusga bolup galsyn ilden illere» diýleni boldy.

Bu gün

Garaşsyzlyk – göwnümiziň ganaty,Zyban ýurt waspyny söýleýär bu gün.Garaşsyzlyk – döwrümiziň halaty,Diýar baş baýramyn toýlaýar bu gün. Halal zähmet çekýän iller abadan,Dünýä uzap barýan ýollar abadan,Işlerimiz rowaç, durmuş owadan,Şatlyk-şowhun Arşy boýlaýar bu gün.

Kä­mil­lik ýol­la­ry

Käteler pikirlerim garyşyk, ýadaw mahalym kitap okasam, köňlüm rahatlyk tapýar. Endigime görä, men ýene otagdaky kitaply tekjäme tarap eňdim. Haýsysynyň gatyny açyp, täze başdangeçirmelere syýahat etjegim hakda oýlanyp, gözümi bir nokada dikip otyryn. Birden gözüm Maýn Ridiň «Başsyz atly» diýen kitabynda eglendi. Kitaby açan badyma onuň çep burçunda petekesini gaýşardýan horaz ýaly, az-kem saga ýykgyn eden harplara gözüm kaklyşanda ýürege ýakymlylyk aralaşyp, ýylgyranymy-da duýmandyryn. Ondaky «Okuwçym Aýgüle, türkmen dili we edebiýaty mugallymy Maýa Begenjowadan ýadygärlik sowgat. 2015-nji ýyl, maý aýy» diýen ýazgy biygtyýar geçmişiň gursagyny dörüp, süýji ýatlamalaryň gujagyna doldurdy. Mekdebim, ak mekdebim! Ýyllar Günüň öňüni tutýan bulutlar ýaly üstüňi näçe örtjek bolsa-da, aňymda senli ýatlamalaryň şöhlesi ýitelmese, körelmedi. Öýi öý edýäniň zenan, saçagy saçak edýäniň mele-myssyk çörek bolşy ýaly, mekdebi mukaddes ýer edýänem mugallym bolsa gerek. Mugallym okuwçylaryny sülgün jüýjesi deýin mähir ganatynyň astynda penalaýar. Ol çigşirilen çylşyrymlylygy çöşläp, sadalaşdyryp, perzendinden egsik görmeýän okuwçylaryny ylymlardan habardar edip, aňynda bilim binýadynyň ilkinji kerpijini goýýar. Bu işde ol zähmetini, zehinini, ukybyny gaýgyrmaýar. Şeýle gaýduwsyz, öz kärine ýüregi bilen ýapyşan hoşgylaw zenan mugallymlaryň biri-de Maýa Begenjowadyr. Halypa mugallym häzir Aşgab

Çy­ka­nym – çak­mak da­şym

«Çykan» sözi kalbymyza çyragdyr, ýakyndyr we juda mährem düşünjeleriň biridir. Men enemden, mamamdan eşiden gürrüňlerimi aňymda bek belläp, olardan belli netije çykaryp, özümçe bellik edip goýýaryn. Şeýle belliklerimiň biri hem «Çykanym — çakmak daşym, ýegenim — köňül joşum», «Gyz edebi — eşrepi» ýaly pikirlerdir. Çünki çakmak daşynyň durmuşdaky wajyplygy, ähmiýeti neneňsi bolsa, çykanlaryň ömrümize edýän täsiri hem hut şol derejededir. Men kalbyma gozgalaň salýan bu tema barada öňräkden bäri ýazmagy niýet edinip ýördüm. Ine, bu günki günem şol pikirlerim çaklaňja ýazgylar bolup, ak kagyzyň ýüzünde sünnälendi. Daýzalaryma juda meňzeş çykanlarym, hakykatdanam, meniň köňül goltguçylarym. Olary görsem, ýüzüm nurlanan ýaly bolýar. Olar bagtyň ak ýelegi ýaly bolup, kalbymy özüne maýyl edýärler. Wah, daýzamyň ogly, Daýzamyň ogly

Altyn güýz täsin tebigat

Ynsanyň gözi daş-töwerege düşüp ugranyndan küýsegi gözellik. Şolar, dogrudanam, adamyň kalbyna diňe bir joşgun, jomartlyk, päkizelik paýlaman, eýsem, durmuşyň ähli ölçeglerine hökman öz täsirini ýetirýän bolmaly. Alymlaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi adamyň hüý-häsiýetiniň, ýaşaýyş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bireýýäm subut etdi. Köp sanly adamlar güýz paslyny ýylyň iň owadan, täsirli döwri hasaplaýarlar. Bu pasylda ýapraklar saralýar, käsi gyzyl görnüşe girýär. Penjireden bolsa ýagyş damjalary syrygýar. Bu owadan hem ajaýyp görnüş hemişe adamy duýgularyň täsin dünýäsine alyp gidýär.

Sol­ta­nyň «Ha­zy­na­ly hor­ju­ny» (Publisistika)

Öz labyryny inçe gerdeninde çekip ýörenine 90 ýyl dolanam bolsa, çalyň aýak urşy, dürsden zarply gürleýşi ýaňy bir ýigitligiň gapysyndan jyklana çalymdaşdy. «Bazygär dünýede edeniň galmasa-da, ekeniň galjak eken» diýýän goja bagbany gulak gabardyp diňleseň, her bir sözi batnyklydy. Hamala, garry atanyň agtyjagyna edýän öwüt-ündewleri ýaly özüne imrindirip barýardy. Dagy näme, ösüp boý alansoň, perewüşini ýetirip dursaň, 350-400 ýyllap miwe berýän hoz agaçlaryny geljek nesliňe galdyrsaň, bu dünýä müdimilik gelene dönäýýäň. Agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, ýatlyk, atlyk... Barmak basyp sanaberseň, ýedi puştuňa ýeterlik miras goýdugyň boljak.

Garaşsyz Watanym, Arkadaglydyr!

Erkiňde, erkanalygyňda ýaşamagyň başgaça lezzeti bardyr. Onda ykballaryň ýagtylmagyny, ýaýnamagyny görýäň, guwanýaň. Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň bu bagta düýpli düşünýänliginiň özi aýratynlyk berýär. Dünýe bilen dem alyp, heň alyp ýaşamagyň ömür berýänligine, döwür berýänligine, döwran berýänligine düýpli düşünýänliginiň özi nämä degmeýär. Mähriban Arkadygymyzy, birbaşa bakýan agzybir, jebis ilimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutlaýaryn!Göwnümiz ýaly gülüp geler günler. Güller ýaly ýylgyrar ýüzler.Toýly-tomaşaly, aýly-ýaýly, aýdymly-mukamly, owazly-rowanly günlerden aýyrmasyn! Gahryman Arkadagymyzy penasynda aman saklasyn Biribar! Erk el­de­dir,  düz­le­rin­de ge­ze­rem,Säh­raň ze­rin eg­ne alyp ge­ýe­rem.Buý­san­jy­my dün­ýä ba­kyp di­ýe­rem,Ga­raş­syz Wa­ta­nym,Ar­ka­dag­ly­dyr!

Be­ýik ösüş­le­riň şöh­rat­ly za­ma­na­sy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni möhüm taryhy wakalara beslenýär. 23-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de sebitiň merkezinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiz nobatdaky iri düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen dabarada çykyş edip: «Ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir» diýip belledi. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijiliginiň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenl

Erer ol er­kin my­dam, bu­dur türk­men bi­na­sy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralarda şu belent hakykat aýdyň şöhlelenýär Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen nurana sözler bu gün bagtyýar halkymyzyň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülip, türkmeniň bagtyýarlyk aýdymy, berkararlyk mukamy bolup belentden belent ýaňlanýar. Çünki bütin dünýäde ykrar edilen Lideriň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzündäki belent sylag-sarpasy, öz halkyna bolan nusgalyk söýgüsi, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri bilen bereket-bolçulygyň, bolelin, eşretli durmuşyň höküm sürýän we ösüş-özgerişleriň, äleme ýaň salýan berkararlygyň hem bagtyýarlygyň beýik ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň buýsançly başy gök direýär. Onsoň owalbaşdan beýik Biribaryň sahawaty bilen gurşalan Berkarar döwletimiziň, bagtyýar milletimiziň her bir güni oňyn özgerişlere, rowaçlyklara beslenip, beýik ösüşleriň şöhratly eýýamynda baş buýsanjymyz, göz guwanjymyz jan Watanymyz Türkmenistan Hak sylamyş beýik Gerçegiň nusgalyk görüm-göreldesine eýerip, täze belentlikleriň ak ýolundan röwşen geljege sary bedew bady bilen öňe barýar. Güneşe baý sahawat-keremli ülkämizde ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän baýramçylyklar bolsa y

Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Ga­raş­syz­ly­gy — ösüş­le­riň bin­ýa­dy

Häzirki wagtda hukuk ylmynda özygtyýarly döwlet häkimiýetine jemgyýetiň jemlenen erk-isleginiň beýany hökmünde garalýar. Hukuk döwleti – ilki bilen döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegini aňladýar. Bu babatda alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-ensiklopedik eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýär. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlyk döwründe milli döwlet gurluşy kemala geldi. Bu gurluş öz gözbaşyny 1990-njy ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen özygtyýarlylyk hakyndaky Jarnamadan alyp gaýdýar. Döwlet Özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama Türkmenistan döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň hem-de içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy ýörelgelerini berkidýän we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň ilkinji hukuk binýady bolup şöhlelenýär.

Gül watanyň parlap duran baýdagydyr, garaşsyzlyk!

Eziz Watan, saňa söýgim başda täjim, jygam bolsun!Adyň tutup guwandygym ýürek sözüm, dogam bolsun!Bu gün toýuň, toýly günler, goý, dowamat, dowam bolsun!Gül Watanyň parlap duran Baýdagydyr, Garaşsyzlyk! Arkadagly ilimiziň söýdügidir, Garaşsyzlyk!Bu ýollarda bedewleriň aýak sesi — heňi bardyr,Urup duran ýüregmizde ak günleriň daňy bardyr,Gadym-gadym şäherlerde eýýamlaryň ýaňy bardyr,

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­ýar

Diýarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde peýdaly we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Milli Liderimiziň: «Biz hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy pugta, yzygiderli dowam ederis. Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge hem-de dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidir» diýen çuň many-mazmunly, parasatly sözleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň iň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BM

Bilimler dünýäsine ak ýol

Eždatlarymyzyň paýhas eleginde elenen «Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi güýçli — müňini» diýen ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän, gurşunly kenek ýaly agramly, älem ýaly giň-çuňňur many-mazmuna ýugrulan parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda iňňän döwrebap ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkymyz öz taryhynyň bütin dowamynda ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Ösüşler we özgerişler ýoly bilen ynamly öňe barýan bagtyýar halkymyz bu asylly ýörelgesini häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirýär» diýen parasatly sözleri ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjäni anyk we özboluşly many öwüşginleri bilen baýlaşdyrýar. Pasyllaryň serweri altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary gursaklary hyjuwdan doly müňlerçe ýaş nesillerimize öz gapylaryny giňden açdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň baglanyşygyny özünde jemleýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp dowam edip, watansöýüji, tämiz ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz! Okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!» diýen parasatly sözlerinden ruhlanan bagtyýar talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim ojakl

Sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligi

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işi kämilleşdirilýär. Döwlet Maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetlerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin okuw işinde häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar giňden ulanylýar.

Asyl­ly­lyk — pa­ra­hat­lyk­dyr («Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

Asly halal türkmen halky atababa däpdessurlaryny dowam etdirmegi, olary nesillere geçirmegi aslyňa dolanmagy asylly ýörelgeleriň hatarynda görýär. Halk arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän däpdessurlar, adatlar, ýörelgeler, şeýle hem, ynançlarda ýaşaýan mukaddeslikler diňe bir asyrlaryň däl, eýsem her bir nesliň hem synagyndan geçegeçe gelýändir. Şonuň üçin olar halkyň ýaşaýyş durmuşyndan syzylyp, mentalitetimizi emele getirmäge gatnaşýarlar. Onda bolsa asyllylyk esasy orunda durýar. Asyllylyk asly halallyk diýmekdir. Türkmen mydama halallyga uýan hemde ony ýaýan halkdyr. Ol: «Aslyny unudan atasyny unudar», «Asyl asla gider», «Asyl görseň, aslyn sorama» diýip ündäpdir, nesliniň gulagyna guýupdyr. Asylzadalar hakynda ertekiler, dessanlar döredipdir. Halkyň içinden çykan akyldar şahyrlar asyllylygy wagyz edipdirler. Magtymgulyda «Asylzada görsem, köňlüm eglener» diýen ýaly asyllylykdan söhbet açýan setirler juda köpdür. Asyllylyk adamkärçilikli bolmakdyr. Adamkärçiligi bolan adam ynsaply, ynsanperwer, arassa ýürekli, dogruçyl, dözümsiz... ruhy dünýäsi, köňli arassa, sadadan ahlakly, bir sözli, salykatly, parahat bolýar. Türkmen diliniň söz gorunda bar bolan hoşamaý, sylaşykly, duýgudaş ýaly adamyň ýagşy gylykhäsiýetlerini aňladýan ýüzlerçe manydaş sözler adamkärçiligiň aňladylmasydyr. Magtymguly: «Adamzatdan çykar adamlyk ysy» diýýär.

Be­dew bat­ly dep­gin­ler

Hormatly Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bilen öz mazmunyny baýlaşdyrýar» diýip belläp geçýär we bu kitapda biziň halkymyzyň parahatçylyga we ynanyşmaga goýýan hormat-sylagyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, belläp geçdi. Asuda asmanda parlaýan Döwlet Baýdagymyz bolsa türkmeniň özbaşdak döwletlilik baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň alamatydyr.

Buşluk habary (hekaýa)

Duýdansyz gapydan giren Maral eje gelniniň öý-işlerine gümra bolup, hysyrdanyp ýörşüne öz ýanyndan guwandy. Gelin pessaýja sesde aýdyma hiňlenip, öýüň arassaçylyk işine güýmenip ýördi. — Wa-ah, balam, bu içerden aýdymyň däl-de, hüwdiniň owazy, bäbejigiň naşyja jägildisi ýaňlanaýsa bolmaýamy?!

Okatmakda dürli usullar

Aýdyň geljegi nazarlaýan gözel Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ähli ulgamlaryň ösüş jemalyny görýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde, aýratyn hem, bilim ulgamynda asyrlyk işiň az wagtyň dowamynda durmuşa geçirilendigi baradaky hakykat eýýäm halkyň aňyna we ruhuna giňden ornaşdy. Häzirki wagtda giň dünýägaraýyşly we nazary taýdan pikirlenmäge ukyply ýaşlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler üznüksiz alnyp barylýar. Şeýle işleriň sakasynda hormata mynasyp bolýan intelligensiýa işgärlerine jemgyýetçilik aňy uly orun berýär. Çagany kiçi ýaşdan kämil şahsyýet derejesine ýetirmekde mugallymlaryň çekýän zähmeti uludyr. Bilşimiz ýaly, her bir çaga berilýän umumy orta bilim ýurdumyzda hökmany ýagdaýa eýedir. Çaganyň ösen aňly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi eýýäm umumy orta bilim edaralaryndan alyp gaýdýar. Mugallym okuwçyny eýýäm mekdebe gelen gününden başlap, sapakdaky birnäçe endiklere öwrenişdirýär. Bu işler mekdepde guramaçylyk döwründe alnyp barlyp, mugallym okuwça ata-babalarymyzdan gaýdýan nakyllardyr atalar sözüni, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatda aýdýan pähimli jümlelerini, şonuň bilen birlikde, sapaga degişli birnäçe ýatladyjy sowallary berip biler. Bu okuwçynyň aňynyň işjeňleşmegine getirýär. Soňra geçilen tema boýunça mugallym okuwçylaryň pikirleniş ukyplaryny barlap görmek niýeti