Be­ýik ösüş­le­riň şöh­rat­ly za­ma­na­sy

26 Noýabr 2021
1101

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni möhüm taryhy wakalara beslenýär. 23-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de sebitiň merkezinde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiz nobatdaky iri düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen dabarada çykyş edip: «Ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir» diýip belledi.

Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijiliginiň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.

«Diýar».