Sanly ykdysadyýetiň hünärmen üpjünçiligi

26 Noýabr 2021
1307

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet Maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetlerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin okuw işinde häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar giňden ulanylýar.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.