Garaşsyz Watanym, Arkadaglydyr!

30 Noýabr 2021
1061

Erkiňde, erkanalygyňda ýaşamagyň başgaça lezzeti bardyr. Onda ykballaryň ýagtylmagyny, ýaýnamagyny görýäň, guwanýaň.
Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň bu bagta düýpli düşünýänliginiň özi aýratynlyk berýär. Dünýe bilen dem alyp, heň alyp ýaşamagyň ömür berýänligine, döwür berýänligine, döwran berýänligine düýpli düşünýänliginiň özi nämä degmeýär. Mähriban Arkadygymyzy, birbaşa bakýan agzybir, jebis ilimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen gyzgyn gutlaýaryn!
Göwnümiz ýaly gülüp geler günler. Güller ýaly ýylgyrar ýüzler.
Toýly-tomaşaly, aýly-ýaýly, aýdymly-mukamly, owazly-rowanly günlerden aýyrmasyn! Gahryman Arkadagymyzy penasynda aman saklasyn Biribar!

Erk el­de­dir,
  düz­le­rin­de ge­ze­rem,
Säh­raň ze­rin eg­ne alyp ge­ýe­rem.
Buý­san­jy­my dün­ýä ba­kyp di­ýe­rem,
Ga­raş­syz Wa­ta­nym,
Ar­ka­dag­ly­dyr!

Gö­zel ŞA­GU­LY­ÝE­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny