Oba hojalygynda san­ly ul­ga­m

30 Noýabr 2021
2143

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny halkara ülňülerine laýyk gelýän sanly ulgam esasynda ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary hem-de maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça uly tagallalar edilýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenilip, bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumyna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmak sanly ykdysadyýete geçmegiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu pudagyň ykdysady netijeliligini has-da ýokarlandyrýar hem-de köp amatlyklary döredýär.

Milli Liderimiziň pähim-parasatly döwrebap başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň tebigatyny goramaga hem-de öwrenmäge sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Täze döwrebap tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysady taýdan netijeli bolmak bilen, ekologiýa talaplaryny berjaý etmekde hem bähbitlidir. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly zyýanly täsirleri peseltmek, adamlara işlemäge, dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebaplaşdyrmakda hem sanly ulgamyň ähmiýeti örän uludyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.