Sol­ta­nyň «Ha­zy­na­ly hor­ju­ny» (Publisistika)

30 Noýabr 2021
1459

Öz labyryny inçe gerdeninde çekip ýörenine 90 ýyl dolanam bolsa, çalyň aýak urşy, dürsden zarply gürleýşi ýaňy bir ýigitligiň gapysyndan jyklana çalymdaşdy.

«Bazygär dünýede edeniň galmasa-da, ekeniň galjak eken» diýýän goja bagbany gulak gabardyp diňleseň, her bir sözi batnyklydy. Hamala, garry atanyň agtyjagyna edýän öwüt-ündewleri ýaly özüne imrindirip barýardy. Dagy näme, ösüp boý alansoň, perewüşini ýetirip dursaň, 350-400 ýyllap miwe berýän hoz agaçlaryny geljek nesliňe galdyrsaň, bu dünýä müdimilik gelene dönäýýäň. Agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, ýatlyk, atlyk... Barmak basyp sanaberseň, ýedi puştuňa ýeterlik miras goýdugyň boljak.

Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.