«Çykan» sözi kalbymyza çyragdyr, ýakyndyr we juda mährem düşünjeleriň biridir. Men enemden, mamamdan eşiden gürrüňlerimi aňymda bek belläp, olardan belli netije çykaryp, özümçe bellik edip goýýaryn. Şeýle belliklerimiň biri hem «Çykanym — çakmak daşym, ýegenim — köňül joşum», «Gyz edebi — eşrepi» ýaly pikirlerdir. Çünki çakmak daşynyň durmuşdaky wajyplygy, ähmiýeti neneňsi bolsa, çykanlaryň ömrümize edýän täsiri hem hut şol derejededir. Men kalbyma gozgalaň salýan bu tema barada öňräkden bäri ýazmagy niýet edinip ýördüm. Ine, bu günki günem şol pikirlerim çaklaňja ýazgylar bolup, ak kagyzyň ýüzünde sünnälendi. Daýzalaryma juda meňzeş çykanlarym, hakykatdanam, meniň köňül goltguçylarym. Olary görsem, ýüzüm nurlanan ýaly bolýar. Olar bagtyň ak ýelegi ýaly bolup, kalbymy özüne maýyl edýärler.
Wah, daýzamyň ogly,
Daýzamyň ogly