Diýarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde peýdaly we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Milli Liderimiziň: «Biz hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy pugta, yzygiderli dowam ederis. Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge hem-de dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidir» diýen çuň many-mazmunly, parasatly sözleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň iň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG hem-de onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine döwletimizde türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmagy hem bu hakykaty doly tassyklaýar.
1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi örän buýsandyryjydydyr. Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Biziň hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylyk söýüjiligi, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmegiň mümkindigini öňe sürýän, ýagny milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny düzýän häsiýetlerden ugur alýar.