Ynsanyň gözi daş-töwerege düşüp ugranyndan küýsegi gözellik. Şolar, dogrudanam, adamyň kalbyna diňe bir joşgun, jomartlyk, päkizelik paýlaman, eýsem, durmuşyň ähli ölçeglerine hökman öz täsirini ýetirýän bolmaly.
Alymlaryň uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi adamyň hüý-häsiýetiniň, ýaşaýyş ýörelgesiniň, ömrüniň onuň dünýä inen topragy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bireýýäm subut etdi. Köp sanly adamlar güýz paslyny ýylyň iň owadan, täsirli döwri hasaplaýarlar. Bu pasylda ýapraklar saralýar, käsi gyzyl görnüşe girýär. Penjireden bolsa ýagyş damjalary syrygýar. Bu owadan hem ajaýyp görnüş hemişe adamy duýgularyň täsin dünýäsine alyp gidýär.