Okatmakda dürli usullar

25 Noýabr 2021
1638

Aýdyň geljegi nazarlaýan gözel Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ähli ulgamlaryň ösüş jemalyny görýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde, aýratyn hem, bilim ulgamynda asyrlyk işiň az wagtyň dowamynda durmuşa geçirilendigi baradaky hakykat eýýäm halkyň aňyna we ruhuna giňden ornaşdy. Häzirki wagtda giň dünýägaraýyşly we nazary taýdan pikirlenmäge ukyply ýaşlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler üznüksiz alnyp barylýar. Şeýle işleriň sakasynda hormata mynasyp bolýan intelligensiýa işgärlerine jemgyýetçilik aňy uly orun berýär.

Çagany kiçi ýaşdan kämil şahsyýet derejesine ýetirmekde mugallymlaryň çekýän zähmeti uludyr. Bilşimiz ýaly, her bir çaga berilýän umumy orta bilim ýurdumyzda hökmany ýagdaýa eýedir. Çaganyň ösen aňly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi eýýäm umumy orta bilim edaralaryndan alyp gaýdýar. Mugallym okuwçyny eýýäm mekdebe gelen gününden başlap, sapakdaky birnäçe endiklere öwrenişdirýär. Bu işler mekdepde guramaçylyk döwründe alnyp barlyp, mugallym okuwça ata-babalarymyzdan gaýdýan nakyllardyr atalar sözüni, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatda aýdýan pähimli jümlelerini, şonuň bilen birlikde, sapaga degişli birnäçe ýatladyjy sowallary berip biler. Bu okuwçynyň aňynyň işjeňleşmegine getirýär. Soňra geçilen tema boýunça mugallym okuwçylaryň pikirleniş ukyplaryny barlap görmek niýeti bilen, öňünden taýýarlanylan ýörite soragly kagyzjyklary paýlamak ýa-da dilden barlagnama almak ýaly usullary ulanyp biler.

Şöhrat GURBANMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.