Häzirki wagtda hukuk ylmynda özygtyýarly döwlet häkimiýetine jemgyýetiň jemlenen erk-isleginiň beýany hökmünde garalýar. Hukuk döwleti – ilki bilen döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegini aňladýar. Bu babatda alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-ensiklopedik eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýär.
Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Türkmenistan Watanymyzda Garaşsyzlyk döwründe milli döwlet gurluşy kemala geldi. Bu gurluş öz gözbaşyny 1990-njy ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen özygtyýarlylyk hakyndaky Jarnamadan alyp gaýdýar. Döwlet Özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama Türkmenistan döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň hem-de içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy ýörelgelerini berkidýän we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň ilkinji hukuk binýady bolup şöhlelenýär.