Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlara döwrebap bilim bermek barada edýän talaplaryndan ugur alnyp, harby ýokary okuw mekdeplerinde hem bilimi ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bilimi özbaşdak öwrenmäge, durmuşda zerur bolan döwrebap bilimlere eýe bolmaga gönükdirilen usula geçmek döwrüň talabyna öwrüldi. Okatmagyň adaty usulynda mugallymlaryň okuw-usuly işleriniň, ýagny ilki umumy sapaklary, soňra bolsa amaly sapaklary geçirmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Her bir bilim talyplar tarapyndan özbaşdak akyl ýetirilip özleşdirilmelidir, eýe bolmak isleýän maglumatlaryny ösdürmelidir. Bu okatmagyň özbaşdak görnüşine geçilmegini aňladýar. Okatmagyň adaty görnüşinden tapawutlylykda, özbaşdak görnüşi harby talyplara eýe bolmak isleýän bilimlerini almak üçin maglumatlary mümkin bolan derejede gözläp tapmaga, olary ulgamlaşdyrmaga, öňünden çaklamaga, netije çykarmaga, gabat geljek meseleleri aýdyňlaşdyrmaga we olary çözmegiň usullaryny kesgitlemäge ýardam berýär. Okatmagyň şeýle görnüşi diňe bir mugallymyň işleýşini täze ugra gönükdirmän, eýsem, harby talyplaryň özbaşdak iş alyp barmak ukybyny hem artdyrýar.
Harby talyplaryň özbaşdak işlemek endigine eýe bolmagy, olaryň geljekki gullugynyň tutuş dowamynda özbaşdak bilimlerini artdyrmagyny gazanmaga, şunuň bilen birlikde öz hünärlerine ökde hünärmen serkerdeleriň taýýarlanmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin okuw döwründe harby talyplaryň özbaşdak işlerine örän jogapkärli çemeleşmekleri zerur hasaplanylýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: